milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy
1 gün öň 68 Habarlar

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary dabaraly ýagdaýda ugratdylar.

...Biraz salymdan döwlet Baştutanymyz ýörite otluda Pekiniň demir ýol menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz myhmansöýerligiň asylly däbine görä, mähirli garşylanyldy.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda resmi duşuşyk geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we HHR-iň ýolbaşçylarynyň her bir duşuşygynyň özara hyzmatdaşlykda möhüm tapgyr bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmak, olary ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek, halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikdigini belledi.

HHR-iň Başlygy hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, Hytaýyň ýurdumyzyň bu halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýändigini belledi.

Gaz pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugrudyr. 15 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen-hytaý ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz iri «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hytaý tarapynyň ýeňiji bolandygyny aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka bilen gutlady.

Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistan bilen bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň Hytaý üçin uly hormatdygyny belledi hem-de hytaý tarapyna bu ugurda Türkmenistanda işlemäge döredilýän şertler hem-de goldawlar üçin hoşallyk bildirdi.

Ulag-logistika hyzmatdaşlygy hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasy Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen mazmuny boýunça gabat gelip, biri-biriniň üstüni ýetirýär.

Türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň gün tertibinde medeni-ynsanperwer ulgam, hususan-da, bilim ulgamy wajyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplary dürli hünär ugurlary boýunça bilim alýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz olaryň bilim almagyna döredilýän amatly şertler üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň HHR bilen bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda parlament, jemgyýetçilik, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň hem ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga, halkara parlament diplomatiýasy ulgamynda ýurdumyzyň toplan baý tejribesini halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň bähbidine ulanmak üçin hytaýly hyzmatdaşlar bilen bu tejribäni ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Başlyk Si Szinpini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.

HHR-iň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygyny we onuň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny goldaýandygyny aýtdy.