Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň
adyndan hem-de hut öz adyndan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath
Kowinde, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen
Hindistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň
30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny
iberdi.
«Geçen
döwürde biziň gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürildi. Häzirki wagtda Türkmenistan
bilen Hindistan Respublikasy dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
esasda hyzmatdaşlyk edýärler» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly
Prezidentimiz biziň halklarymyzyň umumy taryhynyň, baý medeniýetiniň we köp
babatda meňzeş däp-dessurlarynyň asyrlara uzaýan türkmen-hindi gatnaşyklaryny
pugtalandyrmakda berk binýat bolup hyzmat edýändigini nygtap, onuň iki ýurduň
halklarynyň bähbitlerine oňyn täsirini ýetirýändigini aýtdy.