7-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça
ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi.
Söhbetdeşler häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň
okgunly ösdürilýändigini we bilelikdäki tagallalar esasynda ägirt uly tejribe
toplanandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy ugurdaky gatnaşyklaryň
netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar. Hyzmatdaşlyk iki ýurduň ýolbaşçylarynyň
hoşniýetli syýasy erki esasynda ösdürilýär we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn
görnüşde, şol sanda «Merkezi Aziýa+Hytaý» hyzmatdaşlygynyň çäklerinde
üstünlikli ilerledilýär.