Mähriban uçurymlar!
Sizi Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny,
çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini,
ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, kanunçylygy
ygtybarly gorajak ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby
akademiýany hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw
mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz, ýokary hünär bilimine, ilkinji
serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz, şeýle hem zähmet ýoluna we harby gulluga
gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň
gadamlaryňyzyň batly, buýsançly başlaryňyzyň hemişe belent bolmagyny, geljekde
size ynanyljak jogapkärli wezipelerde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw
edýärin.
Merdana Watan goragçylary!
Eziz
Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk
hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan
milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar
durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek hem-de döredijilikli zähmetini goramak,
jemgyýetimizde kanunylygy, hukuk tertibini has-da berkitmek siziň mukaddes
borjuňyzdyr.
Garaşsyz Watanymyzyň edermen gerçekleri!
Türkmenler
ähli döwürlerde ýurt goraýan gerçekleriň harby hünär ussatlygyny
ýokarlandyrmaga örän uly ähmiýet beripdirler. Şöhratly taryhymyzda türkmen
serkerdeleriniň görkezen deňsiz- taýsyz edermenligi, batyrlygy we gaýduwsyzlygy
halkymyzyň kämil harby sungatynyň bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň
gazananlarynyň goragynda sarsmaz gala bolup durmak, Watanymyzyň bagtyýar
geljegi üçin bilimiňizi has-da kämilleşdirmek, göreldeli gulluk etmek siziň baş
wezipäňize öwrülmelidir. Ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz döwletiniň we
mähriban halkymyzyň goragynda durmak uly hormatdyr, belent mertebedir we beýik
jogapkärçilikdir.
Eziz Watanymyzyň merdana goragçylary!
Biz 2018-nji
ýyly «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan etdik. Bu ýylda
türkmen ykdysadyýetine, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine,
sebitiň ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkemegine örän
uly täsir etjek Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz
geçirijisiniň täze tapgyryna badalga berilmegi, Türkmenistan - Owganystan -
Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk
ulgamlarynyň düýbüniň tutulmagy, «Serhetabat - Turgundy» demir ýolunyň,
Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň we Türkmenbaşy Halkara deňiz
portunyň açylyp, ulanmaga berilmegi, «Amul - Hazar 2018» awtorallisine, «Beýik
Ýüpek ýoly» diýlip atlandyrylan ugur boýunça welosiped we ylgaw ýaryşlaryna
badalga berilmegi, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä
welosiped güni diýlip yglan edilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň şanly taryhyna
şöhratly sahypalary ýazdy, Berkarar döwletimiziň halkara abraýyny has-da
belende göterdi.
Garaşsyz
Diýarymyzda özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde harby we hukuk
goraýjy edaralaryň orny örän uludyr.
Hormatly serkerdeler,
professor-mugallymlar!
Bütin dünýäde
ylmyň, tehnologiýanyň, şol sanda harby tehnikanyň ösýän häzirki döwründe
ýurdumyzyň harby okuw mekdeplerinde sapaklaryň geçirilişini kämilleşdirmek,
okuw işine iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, internet we elektron kitaphana
ulgamlaryny giňden ulanmak zerur şert bolup durýar. Geljekde hem siziň bu
jogapkärli wezipäni uly abraý bilen berjaý edip, ylymly- bilimli, arassa
ahlakly, beden taýdan sagdyn, merdana watançylary terbiýeläp ýetişdirmekde
gujur-gaýratyňyzy, ukyp-başarnygyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.
Mukaddes Watanymyzyň merdana gerçekleri!
Siz
Watanymyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan türkmen halkynyň beýik
ogullarynyň gahrymançylykly ýollaryny, söweş tärlerini we harby sungatyny
mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Häzirki zaman harby tehnikalaryna we enjamlaryna
erk etmek başarnygyny kämil derejede ele almalysyňyz. Döwletimiziň berk goraglylygyny
üpjün edip, eziz Watanymyza wepadarlygyň belent nusgasyny görkezmek bilen,
ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşine saldamly goşant goşmalysyňyz.
Hormatly uçurymlar!
Siziň Watany
goramak ýaly belent borja hemişe wepaly boljakdygyňyza, mukaddes topragymyzyň
hakyky mertleri bolup, ata Watanymyzy has-da beýgeltjekdigiňize berk ynanýaryn.
Sizi ýokary
okuw mekdebini üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, maşgala
abadançylygyny, jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW