19-njy martda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
Ş.Durdylyýewiň, gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymowyň we senagat we
gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny
geçirdi.
Maslahatda
«Türkmenistany 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, senagat
we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny bellenilen möhletlerde tamamlamak
we olarda ýokary hil derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere
garaldy.
Milli Liderimiz
iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty
ministri N.Amannepesow bilen telefon arkaly gürrüňdeş bolup, bu ulgama degişli
welaýatlarda gurulýan desgalardaky işleriň barşy we depginleri bilen
gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, durmuş maksatly, esasan-da,
hassahanalaryň, saglyk öýleriniň täze binalary häzirkizaman talaplaryna we
halkara standartlaryna doly laýyk gelmelidir.
Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, häzirki döwürde dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara alyp, lukmançylyk edaralarynda öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýa işläp taýýarlamalary hem-de usulyýetleri iş tejribesine ornaşdyrmak arkaly ýokanç kesellerine garşy göreşmek üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmalydygynyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz bu ugurda amala aşyrylýan ähli çäreleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny aýdyp, ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.