Hormatly sergä we maslahata
gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Türkmengurluşyk — 2019» atly
halkara serginiň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly
maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň we maslahatyň
köpugurly halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berjekdigine berk
ynanýaryn.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň
sazlaşykly we okgunly ösüşini üpjün etmegiň ygtybarly binýadyny emele getirmek
maksady bilen, gurluşyk pudagyna örän uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Olaryň
hasabyna iri önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary we
desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň möçberli taslamalar
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine kabul edilen maksatnamalara
laýyklykda, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda gurulýan ýokary amatlyklary bolan
ýaşaýyş jaýlary, umumybilim berýän orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk
merkezleri, iri önümçilik we durmuş maksatly kärhanalar, şeýle hem gurluşygyna
badalga berlen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi,
welaýatlardaky täze obalar we şäherçeler hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary
tizlikli awtomobil ýoly aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň çäginde alnyp
barylýan gurluşyklarda ýerli hususy gurluşyk kärhanalarynyň tutýan orny
yzygiderli ýokarlanýar. Bu bolsa olaryň bu ugurdaky taslamalary dünýä
ölçeglerine laýyklykda durmuşa geçirmekde oňyn tejribe toplaýandygynyň aýdyň
nyşanydyr. Häzirki döwürde hususy kärhanalar tarapyndan ýerli çig mallardan
zerur bolan gurluşyk we timarlaýyş materiallarynyň öndürilmegi netijesinde,
içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp
barylýar.
Hormatly myhmanlar!
Türkmenistanyň dürli künjeklerinde
gurulýan kuwwatly önümçilik desgalary ýurdumyzyň gurluşyk we senagat pudagynyň
maddy binýadyny has-da pugtalandyrýar hem-de gurluşyk pudagynyň işini has-da
kämilleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga täze mümkinçilikleri döredýär. Öňdebaryjy
daşary ýurt kompaniýalarynyň bu sergä uly gyzyklanma bildirmegi hem
Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda köp mümkinçiliklere eýedigini görkezýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda gurluşyk
pudagyny kämilleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk materiallarynyň
we harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmek hem-de eksport ugurly
harytlaryň mukdaryny artdyrmak, ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk
serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek, täze iş orunlaryny döretmek we
önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler üstünlikli
çözülýär.
Ak mermere beslenen paýtagtymyz
Aşgabat şäherinde guralýan bu halkara serginiň we maslahatyň milli
hünärmenleriň we daşary ýurtly myhmanlaryň özara tejribe alyşmagynda, geljekde
giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de ikitaraplaýyn bähbitli
taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna
ynanýaryn.
Hormatly sergä we maslahata
gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Türkmengurluşyk — 2019» atly
halkara serginiň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly
maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk we uzak ömür,
gurluşyk pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri
arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.