Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary!
Biz şu gün Ministrler Kabinetiniň
giňişleýin mejlisini hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý
mejlisini geçirýäris. Bilelikdäki mejlise ministrlikleriň we pudak edaralarynyň
ýolbaşçylaryny, welaýatlaryň häkimlerini, Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň agzalaryny we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylaryny çagyrdyk.
Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýyl Halkara
ahalteke assosiasiýasynyň döredilenine on ýyl dolýar. Men siziň ähliňizi bu
şanly sene hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlaýaryn! Size
atçylygy ösdürmekde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Biz şu mejlisiň dowamynda ahalteke
atçylygyny, atşynaslyk sungatyny we atly sporty halkara derejesinde ösdürmek
meselelerine serederis. Şeýle hem Assosiasiýa täze agzalary kabul ederis.
Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işleri
alyp barýan Assosiasiýanyň agzalaryny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen
sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekeris. Mundan başga-da, bu Guramanyň XI
mejlisiniň geçiriljek ýerini hem-de wagtyny kesgitläris. Öňde durýan wezipeleri
ara alyp maslahatlaşyp, degişli çözgütleri kabul ederis.
Ýaňy hem belläp geçişim ýaly,
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl 10 ýyl dolýar.
Geçen ýyllaryň içinde bu ugurda köp iş edildi. Häzirki döwürde dünýäniň 34
döwletinden 155 sany ýuridik we fiziki şahs bu Guramanyň agzasy bolup durýar.
Döredilen wagtyndan bäri onuň agzalary atçylygy ösdürmekde uly işleri
bitirdiler. Bu bolsa, dünýäde ahalteke bedewleriniň baş sanynyň we
muşdaklarynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Hormatly adamlar!
Asyrlaryň dowamynda türkmen
topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende
galdyrmak boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaýyn işler
durmuşa geçirilýär. Biz atçylyk pudagyny ösdürmek, halkara derejesinde ýaryşlary
we bäsleşikleri geçirmek üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport
toplumlaryny gurup, ulanmaga berdik.
Bu ugurda ýokary derejeli
hünärmenleri taýýarlamak, atçylygy ylmy esasda ösdürmek üçin döwrebap edaralary
döretmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça hem
köp işleri etdik. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga 680
million amerikan dollary möçberde maliýe serişdelerini goýberdik. Biz geljekde
hem bu ugurda alyp barýan giň gerimli işlerimizi dowam ederis.
Siziň bilşiňiz ýaly, her ýylyň aprel
aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy halkara
derejesinde giňden bellenýär. Şu baýram mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara
gözellik bäsleşigi we atçylygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly
maslahat, at çapyşyklary, atly sport bäsleşikleri ýokary derejede guramaçylykly
geçirilýär.
Behişdi bedewlerimiziň gözelligini
şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça
döredijilik bäsleşikleri guralýar. Bu çäreler ady äleme dolan atlarymyzyň
şan-şöhratyny has-da belende göterýär.
Şu ýyl biz Türkmen bedewiniň milli
baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Ahal we
Lebap welaýatlarynda geçirmegi meýilleşdirdik. Pursatdan peýdalanyp, men siziň
ähliňizi bu baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrýaryn.
Hormatly adamlar!
Biz Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasyny döretmek bilen, dünýäde ahalteke bedewleriniň tohum
arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny giňden
ýaýmak boýunça berk binýadyň düýbüni tutduk.
Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň
dowamynda halk seçgisi esasynda döredilen ynsan kimin duýgur we gözelligiň
nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň
seçgi-tohumçylyk işlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns beripdirler. Häzirki
döwürde pederlerimiziň bu ugurda alyp baran işleri türkmen atşynaslary
tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.
Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda at
çapyşyklaryny, at üstündäki milli oýunlary we atly sportuň beýleki
görnüşlerini, şol sanda konkur, marafon bäsleşiklerini halkara derejesinde
geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä
ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk- sport toplumlary, Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrabynda bolsa Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy gurlup, ulanmaga
berildi. Şonuň bilen birlikde, at çapyşyklaryny we atly sport bäsleşiklerini
halkara talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin Halkara ahalteke atçylyk sport
toplumynyň, şeýle hem Aşgabat we Lebap atçylyk sport toplumlarynyň çapuw
ýodalary döwrebap ýagdaýa getirilip, olara politrek örtügi düşeldi.
Mundan başga-da, at çapyşyklaryny we
atly sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda konkur görnüşi boýunça bäsleşikleri
geçirmek we at üstündäki milli oýunlary ýerine ýetirmek boýunça ussat
türgenleri taýýarlamaga hem uly üns berilýär. Şu maksat bilen, Aşgabat atçylyk
sport toplumynda ýörite okuw merkezi hem-de halkara ölçeglerine laýyk gelýän
döwrebap açyk we ýapyk manežler guruldy.
Şeýle hem, atçylygy we atly sporty
ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek boýunça
degişli işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda arassa ganly tohum atlaryň
genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen we atlar ösdürilip ýetişdirilende,
köpeldilende hem-de ulanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän
«Atçylyk we atly sport hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Bu Kanun atçylykda alnyp barylýan
tohumçylyk işini gowulandyrmak, halkara genofonduna girýän atlaryň milli tohum
özenini gorap saklamak, köpeltmek we kämilleşdirmek üçin hukuk kepilliklerini
döredýär. Atçylygy hem-de atly sporty ösdürmäge, şeýle hem bu ugurda ýokary
netijeleri gazanmaga ýardam edýär.
Ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny,
atşynaslyk sungatymyzy hem-de at üstündäki milli oýunlarymyzy dünýä ýaýmaga
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem mynasyp goşant goşýar. Bu
topar Ýer ýüzüniň onlarça döwletinde bolup, abraýly halkara festiwallarynda
behişdi bedewlerimiziň ukyp-başarnygynyň örän ýokarydygyny görkezip gelýär.
Men toparyň Moskwa we
Sankt-Peterburg şäherlerinde, Italiýa döwletinde, Hytaý Halk Respublikasynda,
şeýle hem Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Halkara sirk festiwallarynda
üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara we altyn kuboklara mynasyp bolandygyny
aýratyn buýsanç bilen bellemek isleýärin!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly Assosiasiýanyň agzalary!
Siziň bilşiňiz ýaly, 2017-nji ýylyň
sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça
geçirilen V Aziýa oýunlarynyň sanawyna ilkinji gezek atly sportuň konkur
görnüşi goşuldy. Bu bolsa, ahalteke bedewleriniň atçylyk sportundaky şöhratly
ýoluny mynasyp dowam etmäge we bu ugurdaky ukybyny doly açyp görkezmäge giň
mümkinçilikleri döretdi.
Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, atçylygyň
gadymy mekany bolan güneşli Diýarymyzda atçylyk sportuny dünýä derejesinde
ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Biz ahalteke bedewlerimiziň halkara
bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmegi üçin geljekde hem ähli tagallalary
ederis. Sebäbi ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň milli baýlygyna
we buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende
götermek, gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohum arassalygyny gorap saklamak
hem-de baş sanyny artdyrmak biziň esasy wezipelerimiziň biridir.
Häzirki döwürde bu ugurda daşary
ýurtly atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk has-da giňeldilýär. Atly
sporty ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda atçylygyň we atly sportuň
dürli ugurlary boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdeplerimizde ýaş
hünärmenler taýýarlanýar.
Bu ugurdan hünärmenleri halkara
derejesinde taýýarlamak, şeýle hem ahalteke bedewleriniň özboluşly
aýratynlyklaryny, taryhyny, seýisçilik we tohumçylyk-seçgi işlerini ylmy esasda
düýpli öwrenmek maksady bilen, biz Ahal welaýatynyň täze gurulýan dolandyryş
merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň hem-de Ylmy-önümçilik
merkeziniň gurluşyk işlerine başladyk.
Bu bolsa, ýurdumyzda atçylyk
pudagyny halkara derejesinde ösdürmäge döwletimiz tarapyndan aýratyn üns
berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.
Şeýle hem, biz türkmen we daşary
ýurtly atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde çekýän asylly
zähmetine mynasyp baha berýäris. Olara Türkmenistanyň at gazanan atşynasy,
Ussat halypa çapyksuwary we Halk atşynasy diýen hormatly atlary dakýarys. Biz
bu ugurda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam etdireris.
Hormatly adamlar!
Men şu ýerde Halkara ahalteke
atçylyk assosiasiýasynyň türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän
«Behişdi ahalteke atlary» žurnalynyň ýurdumyzda we dünýäde ahalteke
bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilişini, taryhy we beýleki gymmatly
maglumatlaryny, atşynaslarymyzyň alyp barýan işlerini giňden beýan etmekde we
dünýä ýaýmakda uly işleri bitirýändigini aýratyn bellemek isleýärin.
Žurnalda ýerleşdirilýän gymmatly
maglumatlar dürli ýurtlarda ahalteke bedewlerini ýetişdirmek, köpeltmek we
seýislemek bilen meşgullanýan janköýerlere tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri
döredýär.
Assosiasiýanyň agzalarynyň,
atşynaslaryň hem-de bu ugurdan hünärmenleriň we bilermenleriň işini sanly ulgam
esasynda utgaşdyryp alyp barmak maksady bilen, Internet ulgamynda Halkara
ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite saýty hem döredildi. Bu saýt dürli
ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewleri baradaky maglumatlar we
atçylyk pudagyndaky täzelikler bilen tanyşmaga şert döredýär. Ahalteke
bedewlerine bagyşlanyp geçirilýän bäsleşikler, halkara sergileri we
maslahatlary baradaky maglumatlary ýygnamaga ýardam berýär.
Hormatly adamlar!
Siziň bilşiňiz ýaly, häzirki döwürde
ahalteke bedewleri syn-sypaty, gözelligi bilen muşdaklaryny özüne çekip, dünýä
döwletleriniň ençemesinde ösdürilip ýetişdirilýär.
Biziň Assosiasiýamyz döredilenden
bäri, behişdi bedewlerimizi ýetişdirmek isleýänleriň, onuň muşdaklarynyň
ýylsaýyn artýandygy has-da buýsandyrýar. Häzirki wagtda türkmen we ençeme
beýleki döwletleriň atşynaslarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk alnyp
barylýar.
Men şeýle halkara hyzmatdaşlygyny
alyp barmakda Assosiasiýanyň möhüm ornunyň bardygyny aýratyn bellemek
isleýärin. Dürli döwletleriň bu jemgyýetçilik guramasyna agza ýuridik
şahslaryna we hususy atşynaslaryna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
edýärin! Bu ugurda gatnaşyklaryň barha pugtalanjakdygyna we has-da kämilleşjekdigine
berk ynanýaryn!
Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 24-nji apreli