Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Hanymlar we jenaplar!
Biz şu gün
ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Halk Maslahatynyň ikinji mejlisini
geçirýäris. Mejlisde Garaşsyz döwletimizi ykdysady we durmuş taýdan mundan
beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarys. Şolaryň
hatarynda ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny berkitmek we döwlet dolandyryşynyň
demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek bilen bagly meseleler bar.
Biz bu
meseleler boýunça örän möhüm çözgütleri kabul ederis. Şeýle hem,
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça
alnyp barylýan işleriň käbir jemlerini jemläris.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini milli baýramymyza — Garaşsyzlyk gününe
gabatlap geçirmek indi ajaýyp däbe öwrüldi.
Türkmenistan
ýigrimi sekiz ýyl mundan ozal döwlet garaşsyzlygyny jar etdi. Biz demokratik,
hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap alyp, özygtyýarly we erkin ösüş ýoluna
ynamly gadam basdyk.
Garaşsyzlygymyzyň
jar edilen güni milli baýramymyz bolup durýar. Bu baýram türkmen halkynyň köp
nesilleriniň garaşsyz ösüş hakyndaky arzyly arzuwlaryny asyrlaryň içinden
geçiren şanly taryhy ýoluna çäksiz söýgimizi aňladýar. Mähriban Watanymyzyň
ideallaryna, at-abraýyna we mertebesiniň belende galmagyna pugta eýermegimizi
öz içine alýar.
Türkmenistanyň
iň täze taryhynda biziň ýetýän belent sepgitlerimiziň we gazanýan
üstünliklerimiziň, mähriban halkymyzyň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli
özgertmeleriň ajaýyp esasy bar. Ol bolsa, döwlet Garaşsyzlygymyzdyr!
Şoňa görä-de,
men ýurdumyzyň we halkymyzyň bitewülik we jebislik, parahatçylyk hem-de
ruhubelentlik, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk ýörelgelerini belende galdyrýan
örän möhüm, ykbal özgerdiji waka hökmünde Garaşsyzlyk alnan gününiň Türkmen
döwletiniň şanly taryhyna ebedilik ýazyljakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Biz Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň jebisligini we agzybirligini üpjün
etmäge gönükdirilen taglymatlary öňe sürüp, beýik maksatlara ýetmek ugrundaky
gujur-gaýratyny, isleg-arzuwlaryny, döredijilik ruhubelentligini birleşdirip,
Garaşsyz Watanymyzyň gadymy topragynda bagtyýar we abadan durmuşy berkarar
etdik.
Milli
maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmak bilen, Türkmenistanyň demokratik
kadalara esaslanýan, ösen ykdysadyýeti bolan döwletler bilen bir hatarda sebit
derejesinde hem, dünýä bileleşiginde hem doly ykrar edilmegini gazandyk.
Birleşen
Milletler Guramasynyň derejesinde hemişelik oňyn Bitaraplygy iki gezek ykrar edilen
döwletimiziň halkara borçnamalaryny amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirýän
işleriniň netijesinde, biz dünýäniň dürli döwletleri we ýurtlary, abraýly
halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýduk we ösdürdik.
Halkara
hyzmatdaşlygynyň täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny emele getirmekde örän
gymmatly tejribe topladyk. Häzirki döwürde Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygyna, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýär. Şeýle hem,
Birleşen Milletler Guramasynyň köp sanly halkara komissiýalarynyň agzasy bolup
durýar, bu Guramanyň dürli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.
Dünýä
bileleşiginiň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýan Türkmen
döwleti Ýer ýüzünde howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine ählumumy hyzmatdaşlygyň
häzirki zaman halkara ulgamyny döretmäge mynasyp goşant goşdy.
Biz mukaddes
Garaşsyzlyk baýramyny ajaýyp zähmet üstünlikleri, eziz Watanymyza çäksiz
buýsanç hem söýgi, ruhubelentlik duýgulary bilen garşylaýarys.
Hormatly adamlar!
Şu ýylyň dokuz
aýynda jemi içerki önümiň umumy möçberiniň 110 milliard manatdan hem gowrak
bolmagyna garaşylýar. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim bolar.
Biz şu ýyl
hem, geljek ýyl hem jemi içerki önümiň şeýle möçberde artmagyna garaşýarys.
Senagat pudagy hem yzygiderli we durnukly depginler bilen ösýär. Jemi içerki
önümiň umumy möçberinde bu pudagyň paýy 32,6 göterime ýetýär.
Maýa goýumlary
ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň esasy guraly bolup
hyzmat edýär. Tutuş ýurdumyz boýunça ähli çeşmeleriň hasabyna özleşdirilen maýa
goýumlarynyň möçberiniň 29 milliard manat (jemi içerki önümiň 26,2 göterimi)
bolmagyna garaşylýar.
Ösüşiň
senagat-innowasion nusgasyna gönükdirilen strategik ugry amala aşyrmak maýa
goýumlarynyň 66 — 68 göterime golaýyny önümçilik ulgamyna gönükdirmek arkaly
üpjün edilýär.
Geçen döwürde
önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi.
Şonuň ýaly-da, zawod-fabrikler, mekdepler, hassahanalar, çagalar baglary,
şäherçeler we ýaşaýyş jaýlary bina edildi.
Aşgabat
şäherini abadanlaşdyrmak boýunça hem uly işler amala aşyryldy.
Nesip bolsa,
ýene-de sanlyja ýyldan paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde täze, häzirki zaman
şäherini hem gurarys. Bu şäher döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, medeni-durmuş
desgalaryny öz içine alar. Şeýle hem, bu ýerde işewürlik ýa-da dynç alyş
ulgamlaryna bildirilýän talaplara laýyk gelýän innowasion we ýokary
tehnologiýaly edaralar ýerleşer.
Biz Gökdepe
etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň täze merkeziniň düýbüni tutduk.
Bu şäherde welaýatyň dolandyryş desgalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdeplerdir
çagalar baglary, edara binalary, Ruhyýet köşgi, drama teatry, kitaphanadyr
muzeý gurulýar.
Biz geljek
ýyllarda hem durmuş ulgamynda şeýle syýasaty alyp bararys.Ýurdumyzyň ykdysady
mümkinçilikleri muny ynamly aýtmaga esas berýär. Bu bolsa, mähriban halkymyzyň,
her maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy barada
hemmetaraplaýyn alada etmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy, ileri
tutulýan ugry bolup durýandygyny aýdyň tassyklaýar.
Hormatly adamlar!
Tebigy
baýlyklar, amatly ekologiýa we howa şertleri, häzirki zaman senagat önümçiligi,
oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk, hyzmatlar ulgamlary ýurdumyzyň sebitlerini
çalt depginler bilen ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Geçen ýyl biz
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen
örtüklerini öndürýän täze kärhanany dabaraly açyp, ulanmaga berdik. Şeýle hem,
Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän gazhimiýa toplumyny,
Gyýanlyda bolsa, täze gazhimiýa toplumyny işe girizdik.
Şonuň ýaly-da,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Owadandepede täze kärhanany — «Türkmen
aýna önümleri» kärhanasyny, şu ýyl bolsa, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa
benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawody işe girizdik.
Biz Lebap,
Mary, Daşoguz, Balkan welaýatlarynda hem tebigy gazdan dürli önümleri öndürýän
gazhimiýa toplumlaryny gurmagy göz öňünde tutýarys. Önümçilik we durmuş
maksatly iri desgalaryň gurluşygy hem üstünlikli dowam edýär. Şu ýylyň 9 aýynda
55 desganyň gurlup, ulanmaga berilmegine garaşylýar.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Oba milli maksatnamasy-da üstünlikli
amala aşyrylýar. Bu ugurda 1,8 milliard manat möçberde maýa goýumlarynyň
özleşdirilmegine garaşylýar. Bu bolsa, ýyllyk tabşyrygyň 93,3 göterimine
barabardyr. Suw arassalaýjy we geçiriji desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, gaz
geçirijileriň, telefon ulgamlarynyň gurluşygy üstünlikli amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň telekeçileri «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil
ýolunyň gurluşygyny dowam edýärler.
Şu ýylyň galla hasylyny ýygnamak
tamamlandy. Ýurdumyz boýunça 1 million 651 müň 100 tonnadan gowrak
bugdaý ýygnaldy. Şeýle hem, 2 müň tonnadan hem köp pile tabşyrylyp, borçnama
111,5 göterim ýerine ýetirildi.
Pagtaçylyk oba
hojalygynyň örän möhüm pudagy bolup durýar. Gowaçanyň hasylyny ýokarlandyrmak,
pagtanyň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek we hilini gowulandyrmak boýunça
işler üstünlikli dowam edýär. Şu ýyl biz 1 million 50 müň tonnadan gowrak «ak
altyn» ýygnamagy göz öňünde tutýarys.
Döwlet
eýeçiligini hususylaşdyrmak işi hem çalt depginler bilen alnyp barylýar.
Şu ýylyň 9 aýynda daşary söwda
dolanyşygynyň 11 milliard amerikan dollary möçberde bolmagyna garaşylýar. Bu
bolsa, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,8 göterim köpdür.
Ýurdumyzyň ykdysady
kuwwatyny artdyrmak we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen,
önümleriň daşary ýurtlara iberilýän görnüşlerini artdyrmaga niýetlenen
kärhanalary gurmak we döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça hem giň möçberli
maksatnama durmuşa geçirilýär. Netijede, eksport edilýän önümleriň möçberi
geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,4 göterim artdy.
Türkmenistanyň
Döwlet býujetiniň girdejili böleginiň 9 aýda ep-esli artyp, jemi içerki önümiň
1,2 göterime, ýagny, 16 milliard manada golaý bolmagyna garaşylýar.
Gazanylan bu
ajaýyp üstünlikleriň esasynda mähriban halkymyzyň yhlasly zähmeti, Garaşsyz
Watanymyza bolan beýik söýgüsi ýatyr. Biziň amala aşyran we üstünlikli alyp
barýan işlerimiziň ählisi eziz Watanymyzyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirilendir.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Görşüňiz ýaly,
häzirki döwürde syýasy, ykdysady, medeni-durmuş özgertmelerini amala aşyrmak
boýunça işler çalt depginlerde alnyp barylýar. Bu bolsa, ykdysadyýetimiziň
kuwwatyny berkitmäge we dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge,
biziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyklykda mähriban
halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bularyň ählisi
ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat
edýär.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Häzirki döwürde biziň öňümizde
durýan wezipeler has kynlaşýar. Oňa dünýädäki köp sanly maliýe-ykdysady
ýagdaýlar täsirini ýetirýär. Bu ýagdaýlar ylmy-tehniki pikiriň ösüşiniň ýokary
derejesi, tehnologiýa ulgamynda ýetilen sepgitler, täze mümkinçilikler bilen
hem baglydyr.
Şoňa görä-de,
biz döwür bilen aýakdaş gitmek, ösen döwletlerden yza galmazlyk üçin ägirt uly
serişdelerimizi we bar bolan şertlerimizi netijeli ulanmalydyrys.
Biz Döwlet býujetine esasy maliýe
guraly hökmünde garaýarys. Şonuň üçin hem, önümçiligi durnukly
ösdürmegiň, giň möçberli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň, umuman,
ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin ähli şertleri döretmegiň
zerurdygyndan ugur alyp, Döwlet býujetini üpjün etmegiň çeşmelerini
gözlemelidiris.
Ýurdumyzyň
bank we maliýe ulgamlarynyň dünýä maliýe ulgamyna goşulmagyna hem uly ähmiýet
bermelidiris. Ykdysady çökgünlikleriň ykdysadyýetimize täsirini aradan aýyrmaga
we azaltmaga aýratyn üns bermelidiris. Býujet ulgamynyň durnukly bolmagyny,
çykdajylar boýunça döwletiň ähli borçnamalarynyň gürrüňsiz ýerine
ýetirilmegini, çykdajylaryň rejeli we netijeli bolmagynyň derejesini
ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleri görmelidiris.
Döwlet
eýeçiligini hususylaşdyrmak biziň syýasatymyzyň düzüm bölegi bolup durýar.
Şoňa görä-de, söwda-bazar gatnaşyklarynyň ösüşini çaltlandyrmak zerurdyr. Ýurdumyzda
pul dolanyşygynyň durnukly bolmagyny we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin
zerur bolan ähli makroykdysady şertleri döretmelidiris. Dünýäde dowam edýän
ykdysady çökgünlik we sarp ediş ulgamyndaky özgertmeler şertinde maliýe
ulgamynyň durnuklylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen,
netijeli we durnukly salgyt ulgamyny döretmek işini hem güýçlendirmelidiris.
Alyp barýan
salgyt syýasatymyza laýyklykda salgytlary dolandyrmagyň hilini
kämilleşdirmelidiris. Çeýe we ylmy taýdan esaslandyrylan göterim möçberlerini,
şeýle hem salgytlar boýunça dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde salgyt-gümrük
möçberlerini ornaşdyrmalydyrys. Biz ykdysady ulgamy ösdürmek bilen bagly we bazar
gatnaşyklaryna geçmegi göz öňünde tutýan maýa goýum ulgamynda hususy eýeçiligiň
paýyny giňeltmelidiris.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Biz häzirki
döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler
bilen ösdürmegi gazanmalydyrys. Içerki bazary halkyň sarp edýän harytlary bilen
üpjün etmek we bu harytlary daşary ýurtlara ibermek, mähriban halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak hem-de halkara ölçeglerine laýyk
getirmek üçin esasy maddy binýat hökmünde sebitlerde hem ýokary tehnologiýaly
önümçilikleri döretmelidiris.
Bu işleriň
ählisi esasy maksada ýetmekde — mähriban halkymyzyň abadançylygyny dünýäniň
öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine ýetirmekde ýene-de bir möhüm ädim bolar.
Şeýle hem,
alyp barýan döwlet syýasatymyzda zähmet gorlaryny üstünlikli dolandyrmak we
zähmet bazary bilen bagly meseleleri oňyn çözmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň
zähmet çekmäge konstitusion hukugyny degişli derejede amala aşyrmak üçin zerur
şertleri döretmäge aýratyn üns bermelidiris. Şu maksat bilen, täze önümçilik we
tehnologik desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamalydyrys. Bu desgalar
täze iş orunlarynyň döredilmegini, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokary
derejesini üpjün edýär.
Men
Türkmenistanda adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup
durýandygyny we şeýle bolmagynda galjakdygyny aýratyn bellemek isleýärin!
Biz her ýyl
zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň
möçberlerini yzygiderli ýokarlandyrýarys. Bu bolsa, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş
-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirip, alyp barýan syýasatymyzyň
üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Men şu ýerde siziň ünsüňizi ýene-de
bir meselä çekmek isleýärin. Mälim bolşy ýaly, geçen Halk Maslahatynda
kabul edilen çözgütlere laýyklykda, ykdysadyýetiň örän möhüm pudaklaryny
döwrebap ýagdaýa getirmek bilen bir hatarda, biz oba hojalygyny düýpli
özgertmek boýunça işlerimizi hem dowam edýäris. Täze şertlere laýyklykda,
guşçulyk, maldarçylyk, et we süýt önümçiligini has-da giňeldýäris.
Biz oba
hojalygyny dolandyrmagy kämilleşdirmek, onuň düzümini özgertmek, ýer we suw
serişdelerini netijeli ulanmak, daşky gurşawy goramak maksady bilen, düýpli
özgertmeleri amala aşyrdyk. Iň gowy dünýä tejribesini, ylmyň we tehnikanyň
öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly obasenagat toplumynyň önümçilik
düzümleriniň işini üýtgedip guraýarys.
Daýhan
birleşiklerini, kärendeçileri we hususy telekeçileri zerur tehnikalar, dökün we
tohum bilen doly üpjün edýäris. Şeýle hem, ýerlerde täze iş orunlaryny
döredýäris. Şonuň netijesinde, obasenagat toplumynyň bäsleşige ukyply bolmagy
barha ýokarlanýar. Bu ýagdaý, aýratyn-da, ekologiýa taýdan arassa azyk
önümlerine, çig mala islegleri üpjün etmekde has aýdyň görünýär.
Oba hojalyk
toplumynda bugdaýyň, inçe süýümli gowaçanyň bol hasyly ýetişdirilýär.
Biziň edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna ýokary hilli galla tabşyrmakda uly
üstünlikleri gazanýarlar. Maldarlarymyz gara mallaryň, dowarlaryň we düýeleriň
sanyny artdyrmakda belent sepgitlere ýetýärler. Ýurdumyzda guşlaryň sany hem
köpelýär. Et we süýt önümleriniň öndürilýän möçberleri barha artýar.
Içerki bazar
dürli görnüşli ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilýär. Bu bolsa, oba
hojalygynda alyp barýan döwlet syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň
aýdyň subutnamalarydyr. Şu ýyl hem gowaçanyň bol hasylynyň öndürilmegine
garaşylýar. Häzirki döwürde ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak ýokary
depginler bilen alnyp barylýar.
Şonuň bilen birlikde, bu pudakda
entek köp sanly ulanylmaýan serişdeler we mümkinçilikler hem bar.
Şoňa görä-de,
her bir ýolbaşçy, her bir daýhan milli ykdysadyýetimiziň binýadynyň
berkliginiň, döwletimiziň kuwwatynyň köp babatda biziň yhlasly zähmetimize,
agzybirligimize, döredijilik mümkinçiliklerimize baglydygyna doly düşünmelidir.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Biz daşky
gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini goramagyň, tebigy
baýlyklarymyzy aýawly hem-de netijeli ulanmagyň, durmuş we hojalyk desgalarynyň
ekologiýa şertlerini üpjün etmegiň möhüm meselelerini çözmek üçin toplumlaýyn
işleri amala aşyrýarys. Bu ugurda milli we sebit derejelerinde Birleşen
Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy,
Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara guramalary bilen
bilelikde ähli tagallalary edýäris.
Birinji Hazar
ykdysady forumynda hem Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramak üçin, hyzmatdaşlygyň
mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly teklipleri öňe sürdük.
Biz öz milli däplerimizi tebigat
bilen sazlaşykly dowam edýäris. Bu däpler gözbaşlaryny gadymy
döwürlerden alyp gaýdýar. Şunuň bilen baglylykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň
sebitinde täze obanyň gurluşygyna badalga berildi. Ýokarda bellenip geçilişi
ýaly, biz Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ýeke-täk
zawody gurduk.
Şeýle hem,
dolanyşykly, ýagny «ýaşyl ykdysadyýetli» iri önümçilikleri döredýäris. Bu
önümçilikler ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmekde ilkinji
ädimlerdir. Bu ugurda alnyp barylýan işleri çalt depginler bilen dowam etmek
zerurdyr.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Men ählimiz
üçin örän möhüm bolan ýene-de bir meseläniň üstünde durup geçmek isleýärin. Biz
ýurdumyzyň nebitgaz-energetika pudagyny ösdürmek bilen bagly işlere aýratyn
ünsli garamalydyrys. Pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, nebiti we
tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze häzirki zaman toplumlaryny
gurmaga uly ähmiýet bermelidiris.
Biz ýangyç çig
malyny gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmagy, täze ýataklary senagat
taýdan çalt özleşdirmegi, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini we
«Galkynyş» gaz känini özleşdirmegi öz öňümizde maksat edip goýýarys.
Bu işlerde
ulanylýan sanly tehnologiýalaryň tutuş toplumyny giňeltmek, şol sanda
3D-modelirlemek usullaryny ulanmak arkaly giňeltmek örän möhümdir. Şeýle hem,
halkara wezipelerini çözmek boýunça başlanan maksatnamalary işjeň dowam etmek
zerurdyr. Aýratyn hem, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag üpjünçilik
ulgamlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýaly maksatnamalara üns
bermelidiris.
Gaz
geçirijileriň köp ugurly ulgamyny döretmek, şeýle hem kontinentleriň we
Aziýanyň üsti bilen gaz geçirijileriň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi
uglewodorod serişdelerini halkara bazarlaryna ibermek üçin täze mümkinçilikleri
açýar. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletleriň energetika howpsuzlygyny we
ykdysady taýdan durnukly bolmagyny berkitmek, bütin Merkezi Aziýanyň we Aziýa
sebitiniň Durnukly ösüşiniň maksatlaryna ýetmek üçin ýurdumyzyň eksport
kuwwatyny düýpli artdyrmak zerur bolup durýar.
Şeýle hem,
«Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň owgan
bölegini, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan» elektrik geçirijisini hem-de
optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri
çaltlandyrmak bilen bagly meselelere seretmek möhümdir.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri
çözmek hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň birine
öwrülmelidir.
Sanly
ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin
däldir. Şoňa görä-de, bütin dünýäde sanly ykdysadyýet innowasiýalary öňe
sürmegiň, bäsleşige ukyplylygy we ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün
etmegiň möhüm şertine öwrüldi. Bu ugur ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda täze
wezipeleri öňde goýýar. Şeýle hem, durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge bütinleý
täzeçe çemeleşmegiň zerurdygyny görkezýär.
Şoňa görä-de,
birinjiden, biz ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmaga
döwletimiziň durnukly ösüşiniň möhüm esasy hökmünde garamalydyrys. Döwlet
dolandyryş ulgamyny, ykdysadyýetimizi, tutuş jemgyýetimizi ösdürmek üçin
binýatlyk esas hökmünde baha bermelidiris.
Ikinjiden
bolsa, dünýäde fiziki, sanly we biologiki häsiýetli tehnologiýalaryň
utgaşmagyny aňladýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýäm ýurdumyzyň syýasy,
ykdysady we durmuş ulgamlaryna öz täsirini ýetirip başlaýar.
Şoňa
laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň täze
maksatnamasyny işläp taýýarlamaga ileri tutulýan wezipe hökmünde garamalydyrys.
Bu maksatnamada Türkmenistanyň Maglumat tehnologiýalary merkezini döretmegi göz
öňünde tutmak maksadalaýyk bolardy.
Biz sanly
ykdysadyýete geçmekde öňümizde durýan wezipeleri çözmek üçin programmaçylar,
inženerler, tehnologlar ýaly hünärmenlere zerurlygy göz öňünde tutduk. Şu
maksat bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna täze
ugurlary öwrenmegi, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça
hünärmenleri taýýarlamagy goşduk. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň
Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretdik.
Şonuň bilen
birlikde, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri sanly
ykdysadyýete geçmekde amala aşyrýan ähli özgertmelerimiziň gözbaşynda
durmalydyr.
Şeýle hem, biz
ýaş nesillerimizi terbiýelemäge ünsi güýçlendirmelidiris. Ýaşlar alan
bilimlerine, ukyplaryna laýyklykda, çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny
ulanarlar. Sanly düzümi bolan ykdysady desgalary dolandyrarlar.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Biz ylym we
bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek bilen bagly meselelere 2019-njy ýylyň 12-nji
iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçiren maslahatymyzda jikme-jik
seredip geçdik. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji
ýyllar üçin maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda we bu ulgamlary
yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirmek barada alada edýäris. Ylmy-tehniki ösüşi,
ylmyň, tehnologiýalaryň, öňdebaryjy pudaklaryň we önümçilikleriň ösmegini üpjün
edýän täze bilimleriň özara baglanyşygyny berkidýäris.
Bu, elbetde,
bir tarapdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetini hemmetaraplaýyn ösdürmäge we durmuş
maksatnamalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Beýleki bir tarapdan bolsa,
dünýäde ählumumy parahatçylygyň, durnukly we sazlaşykly ösüşiň bähbitlerine
halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga we berkitmäge ýardam edýär.
Ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamamyza laýyklykda, biz
2019 — 2025-nji ýyllarda umumy bahasy 3,5 milliard manat bolan 205 sany
umumybilim berýän mekdebi, şeýle hem umumy bahasy 1,5 milliard manat bolan 165
sany mekdebe çenli çagalar edarasyny gurmagy göz öňünde tutduk. Biz bu
desgalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmelidiris.
Bilim, ylym we
tehnika ulgamlarynda gazanylan üstünliklere esaslanyp, milli bilim ulgamyny
ösdürmelidiris. Bilimli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy
tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri terbiýeläp
ýetişdirmelidiris.
Bu aýdylanlar
milli bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň, ähli bilim işgärleriniň, ilkinji nobatda
bolsa, mugallymlaryň örän möhüm wezipeleridir.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Biz medeniýete
durmuşymyzy ahlak hem-de gözellik ölçeglerine laýyk getirmäge mümkinçilik
berýän birleşdiriji we ruhlandyryjy güýç hökmünde garaýarys. Senagat tehnologik
ösüş eýýamynda ruhy durmuşymyzyň ähli taraplaryny ösdürýäris.
Dünýä
medeniýetiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşan ata-babalarymyzyň taryhy we
medeni mirasyny aýawly gorap saklaýarys. Milli medeniýetimizi we medeni
syýasatymyzy bütin dünýäde wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berýäris.
Ýurdumyzyň
teatrlary, kitaphanalary, muzeýleri, medeniýet öýleri milli medeniýetimiziň we
sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň aýdyň nyşany bolup durýar. Ýöne, biz gazanylan
üstünlikler bilen çäklenmeli däldiris.
Garaşsyz
döwletimizi durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy, amala aşyrylýan
düýpli özgertmeler bizden medeniýet ulgamynda hem degişli üýtgetmeleri
geçirmegi talap edýär.
Medeniýeti
mundan beýläk-de ösdürmek, elektron we çap edilýän neşirlere, köpçülikleýin
habar beriş serişdelerine iň täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak ýakyn
geljekde biziň öňümizde durýan esasy we möhüm wezipelerdir.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Biz häzirki
zamanyň çylşyrymly meselelerini diňe bilelikdäki tagallalar arkaly çözüp
boljakdygyna düşünmekden ugur alyp, dünýä bileleşigi bilen ak ýürekli çemeleşmä
we açyklyga esaslanan gatnaşyklary ýola goýýarys. Türkmenistan daşary syýasatda
şeýle hemişelik ynsanperwer ýörelgäni goldanýar. Halkara gatnaşyklaryny özara
hormat goýmak we deňhukuklylyk konsepsiýasy esasynda alyp barýar.
Ýurdumyzyň
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar
edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylygyň, dostlugyň we
deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu bolsa, Bitarap
döwletimiziň halkara abraýynyň hemişe belende göterilmegine ýardam edýär.
Biz Birleşen
Milletler Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý
Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy,
Goşulmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara
guramalary, dünýäniň ähli ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer
gatnaşyklary yzygiderli giňeldýäris. Ýer ýüzünde parahatçylygy we ylalaşygy
berkitmek, içerki ösüşi üpjün etmek hem-de milli bähbitleri berjaý etmek üçin
tagallalary birleşdirmäge öz goşandymyzy goşýarys.
Bitarap
döwletimiziň ençeme gezek örän iri halkara çäreleriniň geçirilýän ýerine
öwrülmegi Türkmenistanyň işjeň, täzelikçi syýasaty yzygiderli durmuşa
geçirmeginiň anyk netijesi boldy. Bu halkara çäreleri köp halatda dünýä
syýasatynda örän möhüm, bütinleý täze ugurlaryň başlangyç nokadyna öwrüldi.
Biz aýratyn
möhüm ähmiýetli halkara meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin
mümkinçilikleri döredýäris. Bu mümkinçilikler döwletleriň arasyndaky
gatnaşyklaryň hil taýdan täze esaslaryny döretmäge niýetlenendir.
Ýaňy-ýakynda
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy munuň
aýdyň subutnamasy boldy. Ýurdumyzyň durmuşynda taryhy waka öwrülen bu forum
sebitde hyzmatdaşlygyň täze görnüşiniň ýola goýulmagyna ýardam etdi.
Forumda 60-a
golaý resminama gol çekilmegi ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijesi boldy. Şeýle
hem, birnäçe ýurtlardaky hyzmatdaşlarymyz bilen geljekde gepleşikleri geçirmek
we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin esas döretdi!
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Bize döwletimiziň we jemgyýetimiziň
durmuşy üçin möhüm ähmiýeti bolan ýene-de bir meseläni ara alyp maslahatlaşmak
zerur bolup durýar.
Häzirki döwürde dünýä düýpli
özgertmeleri başdan geçirýär. Syýasat, ykdysadyýet we söwda ulgamlarynda
uly özgertmeler bolup geçýär. Bu ýagdaýlary ünsli synlamak bilen, biz hem
ykdysadyýeti dolandyrmaga düzedişleri girizmek boýunça meýilnamalaýyn işleri
amala aşyrýarys. Onuň netijeli bolmagyny üpjün edip, maýa goýumlaryny
höweslendirýäris. Işewürlik ulgamyna goldaw berip, hususy pudagy ösdürmäge
ýardam edýäris. Şol bir wagtda-da, döwlet häkimiýet we milli kanun çykaryjy
edaralarynyň işini kämilleşdirýäris.
Size mälim
bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz döwletimiziň esas goýujy
hukuk binýady bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy
durmuşynda bolup geçýän düýpli özgertmeler bilen bagly 2008-nji we 2016-njy
ýyllarda konstitusion özgertmeler amala aşyryldy.
Bu bolsa,
jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli
özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň
talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berdi.
Konstitusion
özgertmeleriň dowam etdirilmegi jemgyýetçilik durmuşynyň käbir taraplaryny
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan etmegiň zerurdygyny görkezýär.
Ýurdumyzda
kanunçykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi hem häzirki döwürde
kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagy talap edýär.
Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek
boýunça işleri geçirmek hem zerur bolup durýar.
Biz dünýäde
bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki
palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de
Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini
amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy maksadalaýyk hasaplaýarys.
Hil taýdan
täze, iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň
bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer. Hukuk ulanyş tejribesinde
gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga şert döreder.
Deputatlaryň
ýerlerde saýlawçylar bilen has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmaga, kanunlaryň we
milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge itergi berer.
Türkmenistanyň
Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ylmy taýdan
esaslandyrylan teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, men häzir döwlet
häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň kämilleşdirilmegi bilen
bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek
boýunça Konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky
Permana gol çekjek.
Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisine Konstitusion toparyň ýanynda
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça
gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak baradaky iş toparyny
döretmegi tabşyrýaryn.
Konstitusion
topara kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan döwlet
wekilçilikli edarasynyň düzümini kämilleşdirmek we iki palatadan ybarat bu
häkimiýetiň öňünde durýan wezipeler bilen bagly taýýarlanan teklipleri 2020-nji
ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynda seretmäge bermegi teklip edýärin.
Türkmenistanyň
hukuk ulgamyny özgertmekde we Esasy Kanunyny kämilleşdirmekde biz iň gowy dünýä
tejribesinden, halkara ölçeglerinden ugur almalydyrys we halkara hukugynyň esas
goýujy kadalaryna eýermelidiris.
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Biziň öňümizde
durýan örän uly ähmiýetli uzak möhletleýin maksatlar we daşary syýasat ugrumyz
geljekde hem üýtgewsiz bolmagynda galar. Bu bolsa, demokratik döwletimiziň,
adalatlylyk ýörelgesine, yzygiderli we aýgytly öňe gitmäge esaslanan raýat
jemgyýetimiziň hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmegi göz öňünde tutýar.
Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny mundan
beýläk-de artdyrmagyň zerurlygyndan ugur alyp, agzybir we parahatçylyk söýüji,
dörediji halkymyzyň mertebesini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Biz eziz
Watanymyz Türkmenistanyň ajaýyp geljegini üpjün etmegiň bähbidine ine, şeýle
maksatlary öňe sürýäris. Men durmuş-ykdysady ösüşimiziň şu strategik ugurlaryny
siz goldarsyňyz diýip umyt edýärin!
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly ýaşulular!
Men mähriban
halkymy, gadyrly myhmanlarymyzy, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşyjylaryň
ählisini mukaddes Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan
saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Ýaşasyn, baky sarsmaz Türkmen
döwleti!
Ýaşasyn, berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwri!
Ýaşasyn, Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan!
Aşgabat, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry