Şanly wakalara beslenen 2018-nji — «Türkmenistan — Beýik
Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýyl tamamlanyp barýar. Biz ata
Watanymyzyň berkararlygyny, merdana halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde uly
üstünlikler gazanylan 2018-nji ýyl bilen hoşlaşýarys. Garaşsyz döwletimizi
ösüşleriň we rowaçlyklaryň täze belentliklerine ýetirjek 2019-njy ýyly uly umyt
hem-de şatlyk bilen garşylaýarys.
Täze, 2019-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça doňuz ýyly.
Ata-babalarymyz: «It ýyly ek, doňuz ýyly or» diýip, bu ýylyň
hasylly, bereketli bolýandygyny belläpdirler.
Tamamlanyp barýan 2018-nji ýyl berkarar Watanymyzyň, merdana
halkymyzyň durmuşynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylan
ýyllarynyň biri boldy. Bu ýylyň şanly wakalary ýurdumyzyň taryhyna altyn
harplar bilen ýazyldy.
Ýurdumyzda 25-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň
deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň
saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlar döwletimiziň demokratik ýol bilen okgunly
ösýändigini aýdyň görkezdi.
Şu ýyl biz paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda «Täze zaman»
ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyryny, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde
köpugurly hassahana bilen ýaşaýyş jaý toplumyny, Mary şäherinde çagalar
hassahanasyny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezli
akwaparky we şypahanany ulanmaga berdik. Gözel paýtagtymyzda işewürlik
toplumyny, Ahal welaýatynda aýna kärhanasyny, Mary döwlet elektrik
stansiýasynyň çäginde bug-gaz elektrik stansiýasyny işe girizdik. Balkan welaýatynda
«Garabogazkarbamid» zawodyny, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa
toplumyny dabaraly ýagdaýda açdyk.
Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň, Türkmenabat Halkara
howa menziliniň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi
ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap dikeldýändigimizi aýdyň görkezýär.
Biz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz
geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan elektrik hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, döwrebap täze
obalaryň we ençeme beýleki desgalaryň düýbüni tutduk.
Sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
birinji mejlisinde biz oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri, ilatymyza
berilýän durmuş ýeňilliklerini kämilleşdirmek wezipelerini kesgitledik.
Biz oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin ýer böleklerini
uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça ýörite ýer gaznalaryny döretdik.
Bu bolsa ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmek üçin giň mümkinçilikleri
berer.
Tamamlanyp barýan ýylda hem merdana daýhanlarymyz yhlas
bilen zähmet çekip, Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak guşgursak bugdaý,
1 million 100 müň tonnadan gowrak hem «ak altyn» tabşyryp, ýurdumyzyň
berekedine bereket goşdular.
Saglyk, sport, ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmek, hil taýdan
täze belentliklere çykarmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň birnäçesi durmuşa
geçirilýär. Biz «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygar esasynda saglygy
goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdüreris we kämilleşdireris. Jemgyýetde
sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga düýpli ähmiýet bereris.
Siziň bilşiňiz ýaly, eşretli durmuşyň, bagtyýar geljegiň
gözbaşy ylym-bilimdir. Ylym-bilim döwletiň we jemgyýetiň öňe gitmeginiň berk
binýatlarynyň biridir. Şoňa görä-de, ýaşlara döwrebap bilim berip, ylmy-bilimi
hemmetaraplaýyn ösdürmek biziň öňümizde duran möhüm wezipedir.
Hoşlaşýan ýylymyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde hem
giň gerimli işler alnyp baryldy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen
«Amul — Hazar 2018» awtorallisini, welosipedli hem-de ylgaw ýaryşlaryny, şeýle
hem Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny buýsanç bilen görkezmek bolar.
Garaşsyz döwletimiziň başlangyjy bilen şu ýyl Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni»
diýip yglan etdi. Biz Täze ýylda-da sporty ösdürmäge uly üns bereris.
Eziz watandaşlar!
Medeniýet halkymyzyň kalbydyr, milletimiziň mertebesidir.
Şoňa görä-de, 2018-nji ýylda medeniýetimizi ösdürmek, baý mirasymyzy gorap
saklamak hem-de wagyz etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyryldy.
Biz ruhy baýlygymyz bolan medeniýetimizi ösdürmäge mundan
beýläk-de uly üns bereris.
Daşary syýasatda biz Bitarap döwletimiziň dünýädäki ornuny
has-da berkitmegi, beýleki ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny
täze derejä çykarmagy maksat edinýäris. Sebäbi bu biziň halkara syýasatymyzyň
strategik ugrudyr.
Şu ýyl Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa
ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň býurosynyň agzalygyna
biragyzdan kabul edildi.
Bitarap döwletimiziň bu Guramanyň Ykdysady we Durmuş
Geňeşiniň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanmagy hem ýurdumyzyň
halkara abraýynyň barha artýandygyny tassyklaýar.
Eziz adamlar!
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak
maksady bilen, biz 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap aýlyk zähmet
haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp hem-de diňleýji
haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrýarys. Şeýlelikde, Täze 2019-njy
ýyly belent wezipeler, aýdyň maksatlar we uly ruhubelentlik bilen garşy
alýarys.
Garaşsyz ýurdumyza buýsanjymyzdan, aýdyň maksatlarymyzdan
ugur alyp, biz 2019-njy ýyla «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip at
berdik.
Täze ýylda ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine,
mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen
maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmakda merdana halkymyzyň
watansöýüjiligi we yhlasly zähmeti biziň güýç-kuwwatymyzy has-da artdyrar. Eziz
Watanymyzy mundan beýläk-de rowaçlyklara beslär.
Eziz adamlar!
Ýene-de az salymdan biz Täze, 2019-njy ýyly — «Türkmenistan
— rowaçlygyň Watany» ýylyny garşy alýarys. Goý, Täze ýyl parahatçylygyň we
dynçlygyň, abadançylygyň hem-de egsilmez rysgal-berekediň ýyly bolsun!
Täze ýylda siziň maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, bagtyýar
durmuş, uly üstünlikler, döwletli döwran arzuw edýärin!
Eziz watandaşlar!
Täze — 2019-njy ýylyňyz gutly bolsun!
Şeýle şatlykly pursatda şu goşgy setirlerimi size
ýetirýärin: