Eziz
watandaşlar!
Mähriban halkym!
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany»
diýlip yglan edilen 2019-njy ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az wagtdan biz
2019-njy ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2020-nji ýyly garşylarys. Geçip barýan ýyl
mähriban halkymyzyň durmuşynda düşümli ýyllaryň biri boldy. Biz rowaçlygyň,
zähmet ýeňişleriniň ýyly bilen hoşlaşýarys. Täze ýylyň garşy alynýan,
birek-birege gowy arzuwlaryň aýdylýan pursadynda siziň ähliňizi Täze — 2020-nji
ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Täze ýylda hem size üstünlikleriň hemra
bolmagyny arzuw edýärin!
Täze, 2020-nji
ýyl — türkmeniň müçe hasabyndan syçan ýyly. Syçanyň esasy häsiýeti
zähmetsöýerlik, işeňňirlik, kynçylykdan gorkmazlyk, töwekgellik bolup, ol
arman-ýadaman işleýän jandar. Şonuň üçin hem syçan ýylynda bol hasyla
garaşylýar. Mähriban halkymyz 2020-nji ýyly uly ynam bilen garşylaýar.
2019-njy ýylda
biz il-ýurt bähbitli özgertmeleri amala aşyrdyk. Giň gerimli işlere badalga
berdik. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Ahal welaýatynda tebigy
gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ýeke-täk zawody işe
girizdik.
Paýtagtymyzda
we ähli sebitlerde täze mekdepleri, çagalar baglaryny, köçeleri, köp sanly
beýleki desgalary açdyk. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi has oňaýly ýaşaýyş
jaýlarynyň toýlaryny tutdular. Suw arassalaýjy desgalar, ýyladyşhana
toplumlary, beýleki desgalar açylyp, müňlerçe täze iş orunlary döredildi.
2019-njy ýyl
tutumly işleriň başy başlanan ýyl hökmünde-de ýatda galar. Biz ýokary tizlikli
Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berdik. Ahal welaýatynyň
dolandyryş merkeziniň düýbüni tutduk. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitindäki
«Akýaýla» suw howdanynyň töwereginde durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygyna
badalga berdik.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde biz döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy
wekilçilikli edarasynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly wezipeleri
kesgitledik. Ýurdumyzy 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy
ugurlaryny makulladyk.
Biz täze ýyl
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet durmuşynyň örän möhüm
meselelerini ara alyp maslahatlaşarys.
Häzirki
döwürde ýurdumyzyň oba hojalygynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Merdana daýhanlarymyz bereketli türkmen topragyndan şu ýyl hem bol hasyl
öndürip, Watan harmanyna 1 million 651 müň tonnadan gowrak bugdaý, 1 million 60
müň tonnadan hem köp «ak altyn» tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny
üstünlikli ýerine ýetirdiler. Miwe, gök-bakja önümleriniň, beýleki
ir-iýmişleriň hem bol hasyly öndürildi.
Eziz
watandaşlar!
Mähriban halkym!
Biz Garaşsyz
Watanymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyny döretdik. «Döwlet adam üçindir!»
diýen şygarymyza laýyklykda, paýtagtymyzda we sebitlerde saglygy goraýyş
maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Halkymyzyň saglygy
döwletimiziň baş baýlygydyr. Şoňa görä-de, biz köpçülikleýin bedenterbiýäni,
olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn üns berýäris.
Aşgabatda
Olimpiýa şäherçesi hereket edýär. Biz bu ýerde 2017-nji ýylda V Aziýa
oýunlaryny, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirdik.
Nesip bolsa, täze ýylda Futzal boýunça Aziýa çempionatyny, Tennis boýunça
Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşy we Sambo boýunça dünýä çempionatyny
geçireris.
Biz bilim
ulgamyny has-da ösdürmäge, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala
getirmäge uly ähmiýet berýäris.
Garaşsyz
döwletimiziň ösüşi, halkymyzyň abadançylygy ylym bilen hem berk baglydyr.
Sazlaşykly ösýän kuwwatly döwlet hökmünde ata Watanymyz dünýäniň ylmy
giňişligine üstünlikli goşulýar.
Biz Bitarap
döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy wezipelerini anyk kesgitledik. Garaşsyz
ýurdumyzyň dünýädäki ornuny has-da berkitmegi, beýleki döwletler we halkara
guramalar bilen özara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat
edinýäris.
Ýurdumyzyň alyp barýan syýasaty Birleşen
Milletler Guramasynda uly goldaw tapýar. Geçip barýan ýylda ýurdumyzyň
Birleşen Milletler Guramasynyň dürli düzümlerine saýlanmagy hem munuň aýdyň
mysalydyr.
Şu ýylyň
28-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň
başlangyjy boýunça bu gurama bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň
arasynda hyzmatdaşlyk baradaky Kararnamany, sentýabr aýynda bolsa 2021-nji ýyly
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany
kabul etdi.
Bu Gurama
bilen hyzmatdaşlyk etmek halkara syýasatymyzyň strategik ugrudyr we şeýle
bolmagynda galar.
Türkmenistan
2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna hem başlyklyk etdi. Bu döwürde
parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça maksatlarymyza
laýyklykda, guramaçylykly geçirilen çäreler Türkmenistanyň Arkalaşygyň
ýurtlaryndaky abraýyny has-da artdyrdy.
Awgust aýynda
biz birinji Hazar ykdysady forumyny, onuň çäklerinde Hazar innowasion
tehnologiýalar boýunça halkara sergisini, şeýle hem «Türkmen sährasy — 2019»
atly halkara awtosergisini geçirdik. Bu möhüm çäreler Hazarýaka döwletleriň
hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Biz mundan beýläk-de halkara
guramalar bilen arkalaşykly işläris. Dünýäniň dürli döwletleri bilen
gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdüreris. Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä
giňişligindäki ornuny we abraýyny has-da berkideris.
Eziz
watandaşlar!
Mähriban halkym!
2020-nji ýylda
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýany kabul edenine 25 ýyl dolýar. Bu abraýly
halkara gurama tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk
ýagdaýymyz biziň beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy, dostlugy,
ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr.
Dünýä
bileleşigi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär. 2017-nji
ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara
Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etdi. Bu bolsa
biziň daşary syýasatymyzyň dünýäde uly goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek
aýdyň görkezdi. Nesip bolsa, biz 2020-nji ýylda berkarar döwletimiziň hemişelik
Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny giňden belläp geçeris.
Hormatly watandaşlar!
2019-njy ýylda
milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy gorap saklamak hem-de wagyz etmek
boýunça hem netijeli işler amala aşyryldy. 2019-njy ýylda türkmen milli
halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizilmegi biziň bu ugurda alyp barýan işlerimiziň aýdyň mysalydyr. Geljekde
hem ruhy baýlygymyz bolan medeniýetimizi ösdürmäge uly üns bereris.
Biz 2020-nji ýyly «Türkmenistan –
Bitaraplygyň mekany» diýip yglan etdik.
Hormatly adamlar!
Biz halkymyzyň
hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze
ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk
hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň
aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we
diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrýarys. Şu syýasatymyzy
biz yzygiderli alyp bararys.
Eziz watandaşlar! Mähriban halkym!
Ýene-de az salymdan biz Täze —
2020-nji ýyly garşy alýarys. Goý, Täze ýyl parahatçylygyň,
abadançylygyň, bagtyýarlygyň, uly üstünlikleriň hem-de rysgal-berekediň ýyly
bolsun! Täze ýylda siziň maşgala ojaklaryňyzda agzybirlik we asudalyk höküm
sürsün!
Eziz watandaşlar!
Täze — 2020-nji ýylyňyz gutly bolsun!