Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly ilçiler!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly
ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň, esasan hem nebitgaz toplumy bilen bagly
işde kemçilikleriň bardygyna garamazdan, biz şu ýyl ykdysadyýetimiziň ýokary
ösüş depginini saklap galýandygymyzy ynam bilen aýdyp bileris.
Ýylyň ahyryna çenli jemi içerki önümiň ösüş
depgini, çak edilişine görä, 6,3 göterim bolar. Halk hojalygynyň ähli pudaklary
boýunça diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy. Kabul eden
maksatnamalarymyza laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy köpelip,
häzirki döwürde 65,4 göterimden ybarat boldy.
Döwlet býujetine gelip gowuşýan serişdeler
bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi. Zähmet haklary, pensiýalar we
döwlet kömek pullary bellenen tertibe laýyklykda tölenýär. Önümçilik we
ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly desgalar gurlup, ulanmaga berildi.
Ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümleriň
möçberlerini artdyrmak boýunça geçirilen çäreleriň netijesinde, geçen ýyl bilen
deňeşdirilende, dürli önümleriň eksport edilýän möçberi 2,5 göterim artdy. Şoňa
görä-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda
öndürmek, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan
işleri önümleriň täze görnüşlerini öndürmegiň hasabyna dowam etmeli. Bu ugurda
bar bolan köp möçberdäki serişdelerimizi we uly mümkinçiliklerimizi göz öňünde
tutup işlemeli.
Umuman, şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça
kanagatlanarly netijeleri gazanandygymyzy aýdyp bileris. Biz 2020-nji ýyl üçin
hakyky ýagdaýlardan ugur alnyp, oýlanyşykly düzülen Döwlet býujetini kabul
etdik. Şeýle hem ýeterlik möçberde serişdeleri bolan Durnuklaşdyryş gaznamyz,
köp möçberde döwlet serişdelerimiz bar.
Ýöne, biz yhlasly we netijeli işlemegi dowam edip,
ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmelidiris.
Hususylaşdyrmagy hem çaltlandyrmalydyrys. Paýnamalary ýerleşdirmek, gazna bazaryny
we açyk bäsleşikli söwdalary guramak hususylaşdyrmagyň esasy gurallaryna
öwrülmelidir.
Ykdysadyýetimiziň önüm öndürýän pudagynda biziň
esasy wezipämiz bazar institutlaryny berkitmegi dowam etmekden, erkin bäsleşigi
ösdürmekden we hususy işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmekden ybaratdyr. Bu
bolsa, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin maýadarlara örän gowy
mümkinçilikdir.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly ilçiler!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Şu ýylyň daşary syýasat babatda hem wakalara baý
we many-mazmunly bolandygyny aýtmak isleýärin. Türkmenistanyň daşary syýasat
ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda, Bitarap döwletimiz halkara giňişliginde
dostlukly hem-de deňhukukly gatnaşyklary yzygiderli ýola goýdy. Özüniň milli
bähbitlerini mynasyp gorap, häzirki döwrüň esasy meselelerini çözmäge saldamly
goşant goşdy.
Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen ikitaraplaýyn
gatnaşyklary giňden we netijeli ösdürildi. Aziýanyň, Ýewropanyň we Arap
dünýäsiniň döwletleriniň ençemesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.
Bu duşuşyklaryň dowamynda möhüm ylalaşyklar gazanylyp, ikitaraplaýyn
resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ugry
boýunça hem gatnaşyklar işjeň amala aşyryldy. Dünýä we sebit gün tertibiniň
möhüm meseleleri boýunça dürli görnüşlerdäki syýasy geňeşmeler yzygiderli
esasda geçirildi. Şeýle işleriň netijesinde, bize hyzmatdaşlarymyz bilen
wagtynda hem-de netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, ol ýa-da beýleki daşary
syýasy meseleler boýunça garaýyşlary we çemeleşmeleri ylalaşmak başardýar.
Biziň halkara hyzmatdaşlygymyzyň we dürli
ýurtlarda diplomatik we konsullyk taýdan gatnaşmagymyzyň gerimi yzygiderli
giňelýär. Şu ýyl ýurdumyz iň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa,
Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýdyň we ähmiýetli
üstünlikleri gazandy.
Birleşen Milletler Guramasynyň üç sany möhüm
edarasyna, ýagny Ilat gaznasy we ösüş baradaky, şeýle hem Neşe serişdeleri
baradaky Komissiýalaryna, Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji
Geňeşine saýlanmagy, bu guramanyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi
boýunça «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara
gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly, şeýle hem 2021-nji ýyly «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýalary
kabul etmegi häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça giň hyzmatdaşlyk
etmekde biziň saýlap alan ugrumyzyň dogrudygynyň hem-de esaslydygynyň aýdyň we
ynandyryjy tassyklanmasy boldy.
Şol bir wagtda agzalan şu resminamalar biziň alyp
barýan daşary syýasatymyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň
bähbitlerine laýyk gelýändigine hem şaýatlyk edýär. Bu bolsa, gürrüňsiz,
Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde Garaşsyz, Bitarap
Türkmenistanyň ornuny we at-abraýyny has-da berkidýär. Iri hem-de iň abraýly
halkara guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň uzak möhletli meýilnamalaryny we
strategiýalaryny ynamly amala aşyrmaga bize mümkinçilik berýär.
Siziň bilşiňiz ýaly, geçip barýan ýylda
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etdi. Şu derejede
biziň alyp baran işlerimiz netijeli boldy, bu birleşmäniň işine täze
many-mazmunly itergi berdi diýip hasaplaýaryn.
GDA başlyklyk eden döwrümizde biz tertipnamalaýyn
resminamalara laýyklykda, ýurdumyzda döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň
Geňeşleriniň, daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň, Ykdysady geňeşiň
mejlislerini, şeýle hem käbir pudaklaýyn düzümleriň mejlislerini geçirdik.
Şu çäreleriň dowamynda Türkmenistan Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň işine, ozaly bilen, ykdysady babatdaky işine ýeterlik
depgin we netijelilik bermäge gönükdirilen ençeme başlangyçlary öňe sürdi. Bu
başlangyçlary hyzmatdaşlarymyzyň düşünmek bilen garşylandyklaryny hem-de
goldandyklaryny aýtmak isleýärin.
Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda
geçirilen mejlisinde Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady
hyzmatdaşlygy baradaky Jarnamanyň kabul edilmegi bilelikde gazanylan uly
üstünlik boldy.
Ählumumy geoykdysady meýilleriň düýpli
seljerilmegi esasynda Türkmenistanyň işläp taýýarlan we öňe süren bu Jarnamasy
dünýä ösüşiniň häzirki hakyky talaplaryna laýyklykda, Arkalaşygyň ýurtlarynyň
täze başlangyçlarda mundan beýläk-de köptaraply we depginli hyzmatdaşlyk etmegi
üçin esaslary döredýär.
Biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen ýene-de bir uly
resminamanyň, ýagny Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň
daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça
hereketleriň maksatnamasynyň kabul edilmegi hem möhüm waka öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl biziň ýurdumyz Araly
halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmegini tamamlaýar. Üç ýylyň
dowamynda, ýagny 2017–2019-njy ýyllarda Türkmenistan bu halkara düzümine
ýolbaşçylyk etmek bilen, gaznanyň maksatlaryny we wezipelerini netijeli amala
aşyrmaga gönükdirilen ençeme möhüm çäreleri gurady hem-de geçirdi.
Şol çäreleriň hatarynda Araly halas etmegiň
halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň
awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejedäki
duşuşygyny aýratyn bellemek isleýärin.
Şu forumyň netijeleri boýunça kabul edilen
jemleýji resminama Aral bilen bagly ekologiýa, ykdysady, durmuş we ynsanperwer
meseleleri çözmäge düýpli çemeleşmeleri ýene-de bir gezek berkitdi.
Şol bir wagtda, döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlyk
etmegiň täze ugurlaryny hem kesgitlediler. Hususan-da, gazna gatnaşyjy
döwletler bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda Aral
deňziniň sebitindäki ýurtlar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite
maksatnamasyny taýýarlamak meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirip başlamagyň
zerurdygyny bellediler.
Şu ýyl Garaşsyz döwletimiz daşary ykdysady
gatnaşyklaryny hem has-da ösdürdi we giňeltdi. «Açyk gapylar» syýasatyny amala
aşyryp, dünýäniň onlarça döwleti, iri daşary ýurt kompaniýalary, halkara maliýe
edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Ençeme döwletler bilen
ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn toparlaryň
mejlislerini geçirdi.
Bulardan başga-da, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň
telekeçilik düzümleriniň gatnaşmagynda möhüm işewürler maslahatlary geçirildi.
Dürli halkara sergilerinde hem-de ýarmarkalarynda Türkmenistanyň
ekspozisiýalary guraldy. Şeýle işleriň alnyp barylmagy öz gowy netijelerini hem
berýär. Ykdysadyýetimizi ösdürmegi höweslendirip, oňa köp möçberde maýa
goýumlaryny çekmäge, giň gerimli üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmaga ýardam
edýär.
Şu ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda birinji Hazar
ykdysady forumynyň geçirilmegi ägirt uly halkara ähmiýetli waka boldy. Foruma
Hazarýaka ýurtlarynyň ählisiniň, birnäçe sebitden daşary ýurtlaryň hökümet
Baştutanlary, onlarça iri daşary ýurt kompaniýalary, banklary, maýa goýum
gaznalary, dünýäniň ylym, bilermenler we maglumat bileleşikleriniň wekilleri
gatnaşdylar.
Forumyň dowamynda Türkmenistanyň we daşary ýurt
kompaniýalarynyň arasynda dürli ylalaşyklardyr şertnamalara gol çekildi. Mundan
başga-da, 400 million amerikan dollaryna golaý möçberde söwda geleşikleri
baglaşyldy. Bu forumyň çäklerinde Hazar maýa goýum tehnologiýalary sergisi
hem-de halkara maslahaty geçirilip, möhüm ykdysady meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri
boýunça kabul edilen Beýannama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde resminama hökmünde ýaýradyldy. Biz giň we
özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň başyny başlan hökmünde ata Watanymyzyň
abraýyny hem-de ornuny tassyklan şeýle uly halkara çäresini ýurdumyzda
üstünlikli geçirendigimize guwanmaga haklydyrys.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygy halkara
giňişliginde biziň hyzmatdaşlyk etmegimiziň esasy, daşary syýasy we daşary
ykdysady işimiziň binýatlaýyn ýörelgesi boldy hem-de şeýle bolmagynda galýar.
Hut Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly, özara
bähbitli we hakyky ýagdaýlardan ugur alyp, gatnaşyklary ýola goýmaga şert
döredýär.
Sebitde hem-de bütin dünýäde oňyn, parahatçylygy
dörediji orny eýelemäge, bu wezipeler ýerine ýetirilende Birleşen Milletler
Guramasynyň tagallalaryna ýardam etmäge bize mümkinçilik berýär.
Nesip bolsa, biz geljek ýyl garaşsyz taryhymyzda
örän möhüm senäniň — ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara
derejesinde ykrar edilmeginiň şanly 25 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçeris.
Elbetde, ilkinji nobatda, bu biziň öz baýramymyz, türkmen halkynyň we
döwletiniň beýik üstünligidir. Ýöne, onuň ägirt uly halkara ähmiýetiniň hem
bardygyny bellemek gerek.
Şoňa görä-de, Türkmenistanyň başlangyjy bilen
2017-nji ýylyň fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
Rezolýusiýasy arkaly 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan
edilmegi tötänden däldir. Şeýle hem şol Rezolýusiýada bitaraplyk syýasatynyň
ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde möhümdigi, dürli ýurtlaryň
arasynda dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde tutýan orny
bellenýär.
Şoňa görä-de, bu ýubileýi ösen döwlet hökmünde
many-mazmunly we ýokary guramaçylyk derejesinde bellemek biziň üçin uly
abraýdyr.
Aşgabatda 2020-nji ýylda parahatçylyk, howpsuzlyk
we ösüş meseleleri boýunça halkara maslahatynyň geçirilmegi bu baýramçylygyň esasy
çäresi bolar. Nesip bolsa, baýramçylyga köp sanly daşary ýurtly myhmanlary, şol
sanda ýokary döwlet we hökümet derejesindäki myhmanlary çagyrarys.
Biz 2020-nji ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda
maslahatlary, forumlary, medeni, sport çärelerini we ençeme beýleki halkara
ähmiýetli köp sanly çäreleri many-mazmunly we ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirmelidiris. Şeýle hem bu ýubileýi uly ykdysady we durmuş üstünliklerini
gazanmak bilen bellemegi maksat edinýäris. Hususan-da, 2020-nji ýylda onlarça
senagat we durmuş ähmiýetli desgalary ulanmaga bermegi göz öňünde tutýarys.
Görşüňiz ýaly, öňümizde ählimiz üçin hem
yzygiderli amala aşyrylmagy zerur bolan giň gerimli işler durýar. Şunuň bilen
baglylykda, bu ýubileýe haýal etmän, şu günden taýýarlyk görüp başlamalydygymyzy
bellemek isleýärin. Munuň üçin Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara
derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek boýunça
Guramaçylyk topary döredilýär hem-de degişli meýilnamalar tassyklanylýar.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Biz nesip bolsa, 2021-nji ýylda ýene-de bir taryhy
senäni, ýagny berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýini belläp
geçeris. Bu baýram hem strategik we sebit durnuklylygyny berkitmäge möhüm
goşant goşýan, ygtybarly, jogapkärçilikli syýasy hem-de söwda-ykdysady
hyzmatdaş, häzirki zaman dünýä syýasatynyň ähmiýetli şerti hökmünde Garaşsyz we
özygtyýarly Türkmenistanyň berkararlygy nukdaýnazaryndan giň halkara
seslenmesine eýe bolar.
Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligine
bu şanly senäniň halkara ähmiýetini nygtap, biziň ilçihanalarymyzyň we
konsullyk edaralarymyzyň, halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarymyzyň
ugry boýunça daşary ýurtlarda degişli çäreleri geçirmegiň meýilnamasyny
taýýarlamagy tabşyrýaryn.
Şeýle hem men Ministrler Kabinetiniň şu günki
mejlisinde geljekde öňde duran aýry-aýry halkara wezipelerine siziň ünsüňizi
çekmek isleýärin. Şolaryň arasynda ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygynyň geografiýasyny giňeltmek örän möhüm mesele bolup durýar.
Şu ugurda biz hemişe açyk yglan edýän üýtgewsiz
kadalarymyzy goldanmalydyrys. Bu kadalar ýurdumyzyň içerki ösüşini gazanmak
üçin Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň amatly şertleri
üpjün etmelidigine daýanýar.
Şoňa görä-de, ýurdumyzyň beýleki döwletlerdäki
diplomatik wekilhanalary Türkmenistanyň bähbitlerine, ykdysady we eksport
mümkinçiliklerine, maýa goýum taýdan özüne çekijiligine hem-de özara
hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygyna bolan gyzyklanmany höweslendirmelidir.
Men ýurdumyzyň ilçilerine şu ugurda alnyp barylýan
işleri güýçlendirmegi, bolýan ýurtlarynyň döwlet edaralary, kompaniýalary,
banklary bilen ysnyşykly we netijeli işlemegi tabşyrýaryn!
Siz işleýän döwletleriňiziň söwda-senagat edaralary,
telekeçiler hem-de senagatçylar birleşikleri we assosiasiýalary bilen
yzygiderli aragatnaşyklary ýola goýmaly. Gyzyklanma döredýän önümleriň
öndürilýän ýerlerine gidip, ýerli maýa goýum we söwda kanunçylygyny düýpli
öwrenmeli. Sebäbi häzirki döwrüň şertleri ilçihanalardan işiň hut şeýle
düzgünini hem-de häsiýetini talap edýär.
Türkmenistanyň gol çeken ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn resminamalarynyň gyşarnyksyz hem-de takyk ýerine ýetirilmegine
ünsi jemlemeli. Şu meselede biziň hyzmatdaşlarymyzdan muny erjellik bilen talap
etmeli. Biziň ýurdumyz öz halkara borçnamalaryny hemişe ýerine ýetirýän
ygtybarly döwlet hökmünde dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Şoňa görä-de, biz
bu işleriň özara ýerine ýetirilmegine bil baglamaga haklydyrys.
Şu meselede daşary ýurtlardaky wekillerimiz ata
Watanymyzyň milli bähbitlerini berk goramalydyr. Şunuň bilen bir wagtda,
ýurdumyzyň ilçileri we halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilleri ykdysady, maýa
goýum we maliýe ugurly halkara guramalary bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmegi
dowam etmeli.
Geljek ýyl biz Birleşen Milletler Guramasynyň
Söwda we ösüş boýunça (ÝUNKTAD), Senagat ösüşi boýunça (ÝUNIDO)
Konferensiýalary, Bütindünýä söwda guramasy ýaly düzümleri hem-de
ýöriteleşdirilen birnäçe beýleki halkara düzümleri bilen ýurdumyzyň
gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça öňe uly ädimleri ätmelidiris.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Häzirki döwürde biz daşary syýasat gullugynyň,
daşary ýurtlardaky wekilhanalarymyzyň öňünde ýakyn ýyllar üçin iş ýüzündäki
amaly wezipeleri goýýarys. Ýöne, elbetde, bu wezipeleriň ählisi hemişe baş
maksadymyza, ýagny parahatçylygy söýüji, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy
üpjün edýän hem-de pugtalandyrýan, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrýan
döwlet hökmünde Türkmenistanyň ornuny dünýä giňişliginde berkitmäge
gönükdirilmelidir.
Munuň üçin Bitarap döwletimiz, ilkinji nobatda,
goňşularymyz we beýleki ýurtlar bilen dostlukly, özara hormatlamak
gatnaşyklaryny ileri tutmak esasynda ýola goýmagy dowam eder.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň ähli
döwletleri, Owganystan, Eýran, Azerbaýjan bilen däbe öwrülen dostlukly
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak berkarar döwletimiziň
daşary syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn bellemek
isleýärin. Biz Türkiýe bilen hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge hem uly üns bereris.
Köp asyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýan
Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr. Iki ýurduň
arasyndaky özara gatnaşyklaryň taryhy tejribesine daýanyp, biz Russiýa bilen
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda
hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de giňelderis.
Türkmenistan indi köp ýyllaryň dowamynda Hytaý
Halk Respublikasy bilen netijeli we ähmiýetli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Biz
Hytaý bilen köptaraply gatnaşyklarymyzy giňeltmek üçin geljekde hem bar bolan
ähli mümkinçiliklerimizi peýdalanarys.
Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa hem
ýurdumyz bilen netijeli syýasy we ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Häzirki
döwürde bu döwletler bilen bilelikdäki ykdysady we durmuş taslamalarynyň
üstünlikli amala aşyrylan ençeme anyk mysallaryny görkezip bolar.
Biz ýurdumyzy özara gatnaşyklaryň gadymy taryhy
birleşdirýän Hindistan we Pakistan bilen hem ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam
ederis. Türkmenistan Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň
ýoly bilen barýar. Ýakyn wagtda bu sebitdäki hyzmatdaşlarymyz bilen
gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli zerur işleri geçireris.
Ýewropa döwletleri ýurdumyzyň hemişe ygtybarly
hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar. Biz geljek ýylda Ýewropa
ýurtlary bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny täze, has ýokary derejä çykarmak
üçin ähli zerur işleri etmegi göz öňünde tutýarys.
Biz Amerika kontinentiniň ýurtlary bilen gatnaşyklarymyzy
ep-esli işjeňleşdirdik. Şol ýurtlaryň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny
aýratyn tapawutlandyrmak isleýärin. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen
Türkmenistanyň açyk we netijeli syýasy gatnaşyklary ykdysady, bilim we medeni
hyzmatdaşlygymyzy üstünlikli ösdürmek üçin esas bolup durýar.
Soňky ýyllarda Afrika kontinentiniň döwletleri
bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak üçin köp işler edýäris. Biz bu işi
dowam ederis hem-de Afrika ýurtlary bilen özara saparlaryň sanyny artdyrarys.
Biz abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda
bolsa, strategik hyzmatdaşymyz bolan Birleşen Milletler Guramasy, şeýle hem
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy,
Ýewropa Bileleşigi, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen
arkalaşykly işimiziň gerimini giňelderis.
Sebit ykdysady birleşikleri bolan Ykdysady
Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady
Bileleşigi, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasy we ençeme beýleki
sebit düzümleri bilen hem hyzmatdaşlyk etmegiň oňat geljeginiň bardygyny
görýäris.
Siziň bilşiňiz ýaly, Garaşsyz, Bitarap
Türkmenistanyň halkara strategiýasy – parahatçylyk, döretmek we ösüş
strategiýasydyr. Bu strategiýa gyşarnyksyz eýermek bilen, berkarar döwletimiz
bütin dünýäde mynasyp hormata, belent abraýa we ykrar edilmegine eýe boldy.
Biziň daşary syýasatymyz Türkmenistanyň uzak
möhletli döwlet we milli bähbitlerine, dünýä bileleşiginiň maksatlaryna hem-de
wezipelerine laýyk gelýär.
Ählumumy howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň esaslaryny
berkitmäge düýpli goşant goşýar.
Biziň şu syýasatymyz geljekde hem üýtgewsiz galar.