milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisinde eden çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisinde eden çykyşy
26.04.2019 766 Habarlar

Hormatly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary! 

Hanymlar we jenaplar! Gadyrly myhmanlar!

Şu gün biz Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky IX mejlisini geçirýäris. Myhmansöýer, güneşli türkmen topragyna — şöhraty äleme dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň watanyna hoş geldiňiz!

Ilki bilen, siziň ähliňizi ýurdumyzyň, ata-babalarymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dabaralandyrýan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky IX mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, abadançylyk, atçylygy ösdürmek we ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatly myhmanlar! 

Gadyrly dostlar!

Şu günki mejlisimizde biz halkara hyzmatdaşlygy artdyrmak boýunça gyzyklandyrýan tekliplere hem serederis. Şunuň bilen baglylykda, täze ugur bolan ahalteke atçylyk sportuny ösdürmek bilen bagly başy başlanan işlere hem serederis. Şeýle hem atşynaslaryň ýaş neslini terbiýelemek we olaryň tejribesini artdyrmak barada hem pikir alşarys. Aýratyn hyzmatlary üçin assosiasiýanyň işjeň agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglarys.

Hanymlar we jenaplar! 

Gadyrly myhmanlar!

Pursatdan peýdalanyp, siziň ähliňizi behişdi ahalteke bedewleriniň şanyna halkara derejede geçirilýän bu baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrýaryn. Bu baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde size gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ajaýyp ýerleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin ähli mümkinçilikler dörediler.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Şu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýär hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň hemmetaraplaýyn hem-de üstünlikli ösüşine laýyk gelýär. Munuň özi dünýä ýüzünde belent şöhrata eýe bolan ahalteke bedewlerini ösdürmek ýaly möhüm wezipelere doly kybap gelýär.

Bu gezekki mejlisiň gün tertibine laýyklykda, onda ahalteke atçylygyny we halkara derejedäki atçylyk sportuny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garalar, şeýle hem häzirki döwürde assosiasiýanyň işjeň agzalarynyň bu ugurda alyp barýan işleri baradaky çykyşlaryny diňläris.

Mundan başga-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň düzümine täze agzalary kabul etmek dabarasy bolar. Şeýle hem mejlisiň geljekki, X ýubileý mejlisini geçirmegiň wagtyny we onuň geçiriljek ýerini kesgitläris. Meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde öňdäki wezipeler boýunça pikir alyşmalar bolar we degişli çözgütler kabul ediler.

Gadyrly atşynaslar!

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilen taryhy pursadyndan bäri assosiasiýanyň agzalarynyň sany has-da artdy. Köp sanly daşary ýurtlaryň, şol sanda ahalteke atçylyk assosiasiýalarynyň wekilleri, ýuridiki şahslar we dünýäniň dürli künjeklerinden hususy atşynaslar bu halkara düzüminiň doly hukukly agzalary boldular. Häzirki döwürde assosiasiýanyň düzümine dünýäniň 32 döwletinden ýuridiki we şahsy agzalaryň 147-si girýär. Olaryň hatary ýyl-ýyldan artýar, bu bolsa hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigini alamatlandyrýar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi dünýä ýüzünde şöhrat gazanan ahalteke bedewlerini saklamak we olaryň sanyny artdyrmak boýunça döwlet syýasatynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny alamatlandyrdy. Asyrlaryň dowamynda biziň pederlerimiz ynsan gylykly, ýelden ýyndam, eýesine wepaly atlaryň ösdürilip ýetişdirilmegine uly üns beripdirler. Şeýlelikde, bu atlar gözelligiň deňsiz-taýsyz nusgasyna öwrülipdir. Mälim bolşy ýaly, gözelligiň we çeýeligiň nusgasyna öwrülip, dünýä ýüzünde belent şöhrata eýe bolan ahalteke bedewleri halk seçgiçiliginiň netijesinde, müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelipdir.

Hormatly dostlar!

Türkmen halky ahalteke bedewlerine bolan söýgi we oňa aýawly çemeleşmek ýaly asylly däpleri saklapdyr hem-de biziň günlerimize çenli ýetiripdir. Olaryň gözelligi, çeýeligi, häsiýeti we wepalylygy barada birnäçe nakyllar, paýhasly jümleler, rowaýatlar we ganatly sözler döredilipdir. Olar bagşylar, ozanlar we şahyrlar tarapyndan wasp edilipdir. Halk döredijiligi «Görogly» şadessanynyň esasynda edermen esgeriň we söweşjeň bedewiň özara gatnaşygynyň nusgasyna öwrülen Gyratyň mukaddes keşbini ebedileşdirdi. Ahalteke bedewleri barada köp sanly ylmy işler, taryhy-çeper eserler döredildi. Şeýle hem olar barada daşary ýurtlaryň meşhur awtorlary eserler döretdiler.

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralandyrylmagy halkymyzyň söýgüli bedewlere bolan çuňňur hormaty, olary ösdürip ýetişdirmegiň nusgalyk derejesi hakynda ähmiýetli çäreleriň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu gezekki baýramçylyk çärelerine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 300-den gowrak wekilleriň gatnaşmagy ahalteke bedewlerine bolan uly gyzyklanmany tassyklaýar.

Asylly däbe görä, baýramçylygyň çäklerinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi, atçylygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, at çapyşyklary we beýleki atçylyk sporty boýunça bäsleşikler geçirilýär. Sport çäreleriniň maksatnamasyna uzak aralyga çapyşygyň girizilmegi özboluşly aýratynlyk bolup, ol ahalteke bedewleriniň diňe bir ýyndamlygynyň däl, eýsem, çydamlylygynyň hem aýdyň beýany bolup durýar. Baýramçylyk çäreleriň hemmesi ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň has-da belende galmagy üçin zerur mümkinçilikleriň we şertleriň döredilmegini üpjün edýär.

Bu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, men şu günki maslahata gatnaşýanlaryň hemmesini behişdi bedewleriň şanyna guralýan baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrýaryn. Olar ýokary halkara ülňülerine laýyk derejede guralýar. Munuň özi hormatly myhmanlar üçin milli atşynaslyk sungaty we ýurdumyzyň, ilkinji nobatda bolsa, ak mermerli paýtagtymyz — Aşgabat şäheriniň ajaýyp ýerleri bilen tanyşmak üçin oňat mümkinçilik bolar.

Şeýle hem olar ýurdumyzyň atçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak we onuň işini kämilleşdirmek, atçylyk sportunyň häzirki zaman görnüşlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň anyk netijeleri bilen ýerinde tanşyp bilerler.

Hormatly assosiasiýanyň agzalary! 

Hormatly myhmanlar!

Türkmen atşynaslarynyň yhlasly zähmeti netijesinde, tohumçylyk-seçgiçilik işinde oňyn tejribe toplanandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Bu bolsa tutuş adamzadyň hazynasyna mynasyp goşantdyr we ol häzirki döwürde yzygiderli ösdürilýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasynda ahalteke bedewleriniň 600-sini saklamaga niýetlenen döwrebap atçylyk toplumy üstünlikli hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde degişli düzümler, şol sanda atşynaslar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlary we durmuş maksatly beýleki desgalar bar.

Halkara ahalteke atçylyk we Aşgabadyň atçylyk sport toplumlarynyň çapuw ýodalary döwrebaplaşdyryldy. Politrek düşegi bolan ýodalar tehnikanyň iň täze gazananlary bilen üpjün edildi. At çapyşyklaryny we atçylyk sporty boýunça ýaryşlary geçirmek üçin Aşgabadyň atçylyk sport toplumy dünýä ülňülerine laýyk derejede enjamlaşdyryldy. Bu ýerde türgenler we tomaşaçylar üçin aňrybaş amatly şertler döredildi. Bu ýerde geçirilen ýaryşlar toplumyň mümkinçilikleriniň ýokary halkara talaplara eýedigini we halkara talaplara doly laýyk gelýändigini äşgär etdi.

Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň çäginde ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda konkur we milli at üstündäki oýunlar boýunça bäsleşikleri, çapyşyklary geçirmek, bu ugurda ussat türgenleri taýýarlamak maksady bilen, okuw merkezi guruldy. Şeýle hem toplumyň çäginde ýokary halkara görkezijilerine laýyk gelýän açyk we ýapyk manežler hereket edýär. Ol ýurdumyzda atçylyk sportunyň konkur görnüşiniň mundan beýläk-de ösdürilmegi, bu ugurda zehinli türgenleriň taýýarlanylmagy üçin ähmiýetlidir.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde dünýä ölçeglerine kybap gelýän we 120 aty saklamaga niýetlenen Halkara karantin merkezi guruldy. Munuň özi halkara kadalara laýyklykda, türkmen çapyksuwarlarynyň daşary ýurtlarda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmagy üçin zerur şertleri üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmak üçin beýleki döwletlerden gelen bedewleriň kesellerden arassadygyny barlamaga mümkinçilik berýär.

Hormatly assosiasiýanyň agzalary!

Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň medeni mirasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu barada aýdanyňda, köp sanly halkara bäsleşikleriň ýeňijileri, festiwallaryň baýrak eýeleri bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikli çykyşlaryny aýratyn nygtamak isleýärin. Ýakynda, şu ýylyň aprel aýynyň ortalarynda Bahreýn Patyşalygynda geçirilen halkara oba hojalyk sergisiniň açylyş dabarasynda bu topar üstünlikli çykyş etdi. Geçen ýyl bolsa «Galkynyş» topary Sankt-Peterburgda geçirilen sirk sungatynyň birinji halkara festiwalynda «Gaetano» altyn baýragy eýeledi. Bu sanawy näçe uzaltsaň uzaldybermeli.

Hormatly atşynaslar! 

Hormatly myhmanlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen ilkinji gezek atçylyk sportunyň konkur görnüşi girizildi. Ýurdumyzyň türgenleri ahalteke bedewlerinde bu bäsleşikde ýeňiji bolup, altyn medaly eýelediler.

Biz Türkmenistanda atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine uly üns berýäris. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde degişli ugurlar boýunça ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, atşynaslaryň zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň halk atşynasy» ýaly hormatly atlar döredildi we şol atlar ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň atşynaslaryna dakylýar.

Ýurdumyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň esaslandyrmagynda «Behişdi ahalteke bedewleri» žurnaly neşir edilýär. Onda türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýän makalalarda «behişdi bedewleri» ösdürmegiň taryhy, onuň ýörelgeleri, milli hem-de dünýä tejribesi barada gürrüň berilýär.

Biz mundan beýläk-de ajaýyp behişdi bedewler bilen ykbalyny baglan atşynaslaryň halal zähmetine mynasyp baha bereris.

Hormatly atşynaslar! Gadyrly myhmanlar! 

Hanymlar we jenaplar!

Assosiasiýanyň işi dünýä ýüzünde türkmen halkynyň ajaýyp medeni mirasy bolan ahalteke bedewlerine gyzyklanmalaryň artmagyny şertlendirýär. Behişdi bedewleriň muşdaklarynyň we oňa gadyr goýýanlaryň hem-de olary saklaýanlaryň sany yzygiderli artýar. Häzirki döwürde türkmen atşynaslary bilen olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň arasynda özara peýdaly gatnaşyklar ýola goýulýar.

Ahalteke atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Assosiasiýa möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalary bolan ähli daşary ýurtly ýuridiki şahslara we hususy atşynaslara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Bu ugurda ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we kämilleşdiriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly myhmanlar!

Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda tutuş dünýä doldy. Dünýäniň atçylyk sungatynyň kemala gelmeginde bu tohumdaky atlaryň goşandy çäksizdir.

At seýislemegiň usulyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler şol bir wagtyň özünde bu ugurda toplanan tejribäni ýaş nesillere geçirmek bilen utgaşykly alnyp barylýar. Biz mundan beýläk-de ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek işleriniň gerimini giňelderis. Olary seýislemegiň usullaryny ýaş nesillere geçirip, gadymy atşynaslaryň mynasyp däplerini dowam ederis.

Gadyrly myhmanlar! 

Hanymlar we jenaplar!

Men Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisiniň öz işine başlamagy bilen sizi ýene bir gezek gutlaýaryn!

Bu gezekki maslahatyň ajaýyp ahalteke bedewleriniň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, dünýäniň dürli künjeklerinde behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirýän atşynaslaryň arasynda tejribe alşylmagyna ýardam berjekdigine pugta ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we atçylygy ösdürmek boýunça alyp barýan işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Aşgabat, 2019-njy ýylyň 26-njy apreli