Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary
we agzalary!
Gadyrly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!
Sizi
Türkmenistanda mähirli mübärekleýärin. Birinji Hazar ykdysady forumynyň işine
gatnaşmaga çakylygymyza seslenendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Şu zala
Hazarýaka we beýleki döwletleriň hökümetleriniň ýolbaşçylary, dünýäniň onlarça
ýurdundan işiň dürli ulgamlaryna wekilçilik edýän adamlar – syýasatçylar,
diplomatlar, işewürler, ekologlar, alymlar, žurnalistler ýygnandylar.
Biziň ählimiz
Hazar sebitini ösdürmek, Hazarda halkara hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlemek
meseleleri boýunça köpugurly hem-de yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýetine
düşünýän pikirdeşlerdiris. Häzirkizaman garaýyşlaryna we ölçeglerine esaslanýan
şeýle hyzmatdaşlygyň täze many-mazmuny onlarça ýyllara niýetlenen bilelikdäki
döredijilikli işiň berk binýadyny goýmaga ýardam etmekden ybaratdyr.
Şu gün men
birinji Hazar ykdysady forumyny çagyrmak hakyndaky başlangyjymyzy goldandygy
üçin Hazarýaka ýurtlarynyň ählisine çuňňur minnetdarlyk bildiresim gelýär.
Bu teklip
ählumumy we sebit ösüşiniň häzirkizaman prosesleriniň, möhüm geosyýasy we
geoykdysady giňişlik hökmünde Hazaryň onda eýeleýän ornunyň çuňňur
seljermesiniň netijesi boldy. Häzirki döwürde bu ýerde diňe bir kenarýaka
ýurtlarynyň däl, eýsem, beýleki döwletleriň hem bähbitleri jemlenendir. Şol
bähbitler bolsa Hazar sebitiniň uglewodorod serişdeleriniň iri tebigy çeşmesi,
yklym möçberindäki ulag-üstaşyr merkezi, halkara söwdany giňeltmek üçin geljegi
uly çäk bolup durýandygy bilen şertlendirilendir.
Şunuň bilen
birlikde, Hazar deňzi tebigaty goramak ulgamynda ylmy barlaglaryň geçirilmegini
talap edýän gaýtalanmajak ekologiýa ulgamly täsin tebigy toplumdyr.
Biz Hazar
ykdysady forumyny geçirmek baradaky pikiri öňe sürmek bilen şu ýagdaýlaryň
ählisini toplumlaýyn nazara almak, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürler
düzümleriniň, ylmy-merkezleriň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň giň, hemişelik
hereket edýän binýadyny döretmek arkaly bilelikdäki işi üçin şertleri döretmek
mümkinçiliklerinden ugur aldyk.
Häzirki wagtda bu pikir amala
aşyrylyp başlandy. Umumy gymmatlyklara esaslanýan hem-de umumy maksatlar
we wezipeler bilen birleşen halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljegi uly
giňişligi döreýär.
Men siziň
ähliňizi şu ilkinji, ýöne örän möhüm we ähmiýetli waka bilen gutlaýaryn!
Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Öňümizdäki
işiň barşynda biz Hazar gün tertibiniň dürli meselelerini ara alyp
maslahatlaşarys. Forumyň «ykdysady» diýen ady, elbetde, hut ykdysadyýet, söwda,
maýa goýumlary, innowasiýalar we tehnologiýalar meselelerine aýratyn üns
berilmelidigini aňladýar. Forumyň barşynda netijeli pikir alyşjakdygymyza
hem-de ýagdaýlara baha berjekdigimize ynanýaryn. Ýöne, şolara geçmezden öňürti,
men esasy zady belläp geçmek isleýärin. Şonsuz hiç bir taslama-da, iň gowy we
oňyn başlangyç-da amala aşyrylyp bilinmez.
Munuň özi
kenarýaka ýurtlaryň we olarda ýaşaýan halklaryň arasyndaky parahatçylyk,
howpsuzlyk, dostluk we özara düşünişmegi bilen baglanyşykly meseledir. Şunuň
bilen baglylykda, biziň sebitimiziň parahatçylykly we durnukly ösüşini üpjün
etmek, Hazarda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze syýasy-hukuk esaslaryny
döretmek maksady bilen 2002-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen
Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň geçirilendigini
ýatlatmak isleýärin. Hut şonda Hazar meseleleri boýunça ulgamlaýyn, köp
derejeli hem-de yzygiderli gepleşikler üçin berk binýat goýuldy.
Şondan soňra
biziň döwletlerimiziň, olaryň ýolbaşçylarynyň öňdengörüjiligi we syýasy
erk-islegi, birek-biregiň bähbitlerine düşünmegi hem-de nazara almagy
netijesinde oňyn netijeler gazanyldy. Biz, hakykatdan hem, uly ýoly geçdik,
syýasy-diplomatik ulgamda möhüm ylalaşyklar gazanyldy, hyzmatdaşlygyň giň,
mazmunly hukuk binýady döredildi.
Geçen ýyl
Aktauda bäş döwletiň Prezidentleri tarapyndan Hazar deňziniň hukuk derejesi
hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi şu işiň netijesi boldy. Bu resminama
hyzmatdaşlar üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.
Geçen ýyllaryň
dowamynda şeýle hem Hazarda işiň anyk ugurlary boýunça bäştaraplaýyn
ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekildi. Şoňa görä-de, şu gün biz umumy Hazar
ösüşiniň wajyp wezipelerini çözmek meselesine ünsümizi jemlemelidiris.
Biziň
pikirimizçe, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi bermek şol
wezipeleriň hatarynda durýar. Hazar deňziniň düýbündäki we oňa ýanaşyk
çäklerdäki uglewodorod çig malynyň uly gorlary netijeli ulanylanda, kenarýaka
ýurtlaryň hem-de olaryň goňşy döwletleriň milli ykdysadyýetleriniň okgunly
ösmegi üçin kuwwatly itergi bermäge, täze önümçilikleri döretmek, senagat
desgalaryny gurmak üçin şertleri üpjün etmäge ukyplydyr. Hazaryň energiýasy
sebitiň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň esasyna öwrülmelidir.
Öz nobatynda,
oňaýly durmuş netijeleriniň gazanylmagy: täze iş orunlarynyň döredilmegi, adamlaryň
ýaşaýyş-durmuşynyň hiliniň we derejesiniň ýokarlandyrylmagy, durmuş düzüminiň –
mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň gurulmagy hem şunuň bilen
baglydyr.
Köp babatda
uglewodorod serişdeleriniň çykarylmagynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly
senagat taýdan ösüş Ýer togalagynyň şu nokadynda ähli ykdysady landşafty düýpli
özgertmäge, Hazarýaka sebitini deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaş hökmünde
ählumumy ykdysady giňişlige ýakynlaşdyrmaga ukyplydyr.
Hazar kontinental ýollaryň
çatrygynda ýerleşýär. Birek-birekden uzakda ýerleşmedik Hazarýaka
ýurtlarynyň çägi gündogar tarapda Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman
sebitine, günbatar tarapda Gara we Ortaýer deňizlerine, günorta tarapda Eýranyň
üsti bilen Ýakyn we Orta Gündogara, Russiýanyň üsti bilen we soňra demirgazyk
ugurda Baltika deňziniň kenarýakasyna göni çykmak ýoluna eýedir.
Şeýle ýagdaý
geografik azimutlaryň dördüsi boýunça hem durnukly ugurlary döretmek
mümkinçiliklerini açýar. Ýöne olaryň kadaly hereket etmegi üçin, Hazar
döwletleri, ilkinji nobatda, öz aralarynda ulag gatnawlarynyň ygtybarly
ulgamyny ýola goýmalydyrlar, döwrebap port düzümini gurmalydyrlar, netijeli
logistikany üpjün etmelidirler. Ulag ulgamynda amala aşyrylmaly işler we anyk
möhletler takyk beýan edilen meýilnamalaryň üstünde has işjeň işlemek gerek.
Şunuň bilen baglylykda, men Hazar sebit logistika merkezini döretmek pikirine
gaýdyp gelmek isleýärin. Şol merkez Aziýany we Ýewropany birleşdirýän täze
ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we netijeli peýdalanmak ulgamynda biziň
bilelikdäki işimizi utgaşdyrýan düzüme öwrülmelidir.
Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Türkmenistanyň
Hazar ykdysady strategiýasy energetika, senagat, ulag, söwda ýaly ugurlarda iri
möçberli hem-de uzak möhletli taslamalary durmuşa geçirmäge esaslanýar.
Häzirki
döwürde biz Hazar deňziniň ýalpaklygynda, şeýle hem Türkmenistanyň Hazarýaka
zolagynda uglewodorod serişdeleriniň gorlaryny işjeň özleşdirýäris. Şonuň bilen
birlikde, daşary ýurt kompaniýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda Hazaryň
türkmen kenarynda uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän we ondan mineral
dökünlerini, polimerleri, suwuklandyrylan gazy, nebit önümleriniň dürli
görnüşlerini öndürýän zawodlar gurulýar.
Türkmenistanyň
durmuş-ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalarynyň esasynda biz ýurdumyzyň
çäginde işleri alyp barmak bilen, senagat jemgyýetiniň berk esasyny döredýäris.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan häzirkizaman we köp şahaly
ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek ýolunda barýar. Şunuň bilen baglylykda,
diňe soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda sebit we halkara ulag geçelgeleriniň
möhüm bölegi bolup durýan awtomobil we demir ýollarynyň müňlerçe kilometri
guruldy.
Geçen ýyl
Türkmenbaşyda geçirijilik ukyby ýylda 25 — 27 million tonna ýüke barabar bolan
täze Halkara deňiz porty ulanmaga berildi. Şunda gysga wagtyň içinde milli
deňiz söwda floty döredildi. Onuň düzümine döwrebap tankerler, gury ýük daşaýan
gämiler, paromlar girýär.
Men bu
mysallary Hazarýaka döwletleriniň giň gerimli halkara bazarlaryna hem-de esasy
ulag ýollaryna çykmagy boýunça meýilnamalaryň anykdygyny nygtamak üçin
getirýärin. Biziň ýurtlarymyzyň munuň üçin ähli mümkinçilikleriniň, bäsdeşlik
babatda anyk artykmaçlyklarynyň bardygyny gaýtalaýaryn.
Şunuň bilen
baglylykda, Hazar sebitiniň daşarky bazarlar bilen netijeli söwda
gatnaşyklaryny ýola goýmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Tutuş dünýä biziň
teklip edip biljek zatlarymyzyň bardygyna ynanýaryn. Bu gatnaşyklar durnukly,
syýasylaşdyrmakdan hem-de ynsapsyz bäsdeşlikden azat bolmalydyr, düşnükli
hem-de aç-açan ýörelgelerde işlemelidir.
Bu babatda biz
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin
ykdysady we durmuş komissiýasy, Bütindünýä söwda guramasy, beýleki
ýöriteleşdirilen halkara düzümleri bilen işjeň gatnaşyk etmelidiris, olaryň
meýdançalarynda umumy, ylalaşykly nukdaýnazardan çykyş etmelidiris. Şeýle hem
sebit halkara bileleşikleriniň ençemesiniň: Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň,
Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň oňyn iş
tejribesini öwrenmegi maksada laýyk hasaplaýaryn.
Hazar gadymy
döwürlerden bäri söwda ýollarynyň merkezinde ýerleşipdir, Beýik Ýüpek ýolunyň
möhüm bölegi bolupdyr. Häzirki döwürde bu ýoly gaýtadan dikeltmek bilen,
Aziýanyň we Ýewropanyň halklarynyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni siwilizasion
gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde onuň döreýşiniň we ösüşiniň
taryhyna hormat-sarpa bilen garamalydygymyza ynanýaryn. Beýleki tarapdan bolsa,
muny täze, häzirkizaman başlangyçlary esasynda, bu işe gatnaşyjylaryň ählisiniň
bähbitlerini nazara almak hem-de özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk
ýörelgeleri esasynda etmek gerek.
Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Ylma,
aň-paýhasa daýanmak bäsdeşlige ukyply we geljegi uly gatnaşyjy hökmünde Hazaryň
ykdysady ösüşiniň, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna ýakynlaşmagynyň üstünlige
eýe bolmagynyň aýgytlaýjy şerti bolup durýar.
Häzirki wagtda
göze ilýän okgunly tehnologik öňegidişlik, sözüň doly manysynda,
geoykdysadyýetiň adaty keşbini, dolandyryş çözgütleriniň hilini we derejesini,
ählumumy ykdysady prosesleriň mazmunyny üýtgedýär.
Meniň pikirimçe, şu ýagdaýlar
esasynda işlemek, galyberse-de, bu ýerde, biziň sebitimizde olara täsir etmek
wezipesine Hazar ýakasyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde
garalmalydyr.
Bu ýerde
tehnologiýa ulgamyny döretmäge uly üns bermek, munuň üçin zerur serişdeleri
bölüp bermek, intellektual, guramaçylyk kuwwatyny gönükdirmek zerurdyr. Biz
hyzmatdaşlygymyzyň üstüni innowasion mazmunlar bilen yzygiderli
baýlaşdyrmalydyrys, hut şolar sebitiň geljekki ösüşiniň, onuň ykdysadyýetiniň
we durmuş ulgamynyň ugurlaryny kesgitlemelidir.
Ilkinji ädim
hökmünde tehnologik we innowasion badalga üçin anyk binýatlaýyn meýdançany
döretmegi maksada laýyk hasaplaýarys. Şu maksatlar bilen, halkara
innowasion-tehnologiýalar merkezini döretmegi teklip edýäris, ony «Hazaryň
innowasion şäheri» diýip atlandyrmak bolar. Bu ýerde, pikirleriň özboluşly laboratoriýasynda
Hazarýaka ýurtlaryndan we beýleki döwletlerden alymlar, hünärmenler, düýpli we
amaly ylymlaryň wekilleri Hazar üçin täze tehnologik ýörelgäniň üstünde
bilelikde işläp, innowasion hyzmatdaşlygyň nusgalaryny, Hazar meselesiniň köp
ugurlary – energetika, senagat, logistika, düzümleýin, ekologiýa ugurlary
boýunça öňdebaryjy çözgütleri taýýarlap bilerler.
Şeýle hem
«Hazaryň innowasion şäheriniň» ýanynda «Sanly ykdysadyýet» bölümini döretmegi
zerur hasaplaýarys. Munuň özi geljek üçin badalga hökmünde möhümdir. Ol
Hazarýaka döwletleriniň ykdysadyýetleriniň esasy ulgamlarynyň işini sanly
ulgama geçirilmegini üpjün eder.
Hazaryň
ekologiýa deňagramlylygyny, deňziň täsin biologik köpdürlüligini saklamak
işinde hem ylma aýratyn orun degişlidir. Amaly nukdaýnazardan, munuň özi Hazar
sebitinde ykdysady taslamalaryň ählisiniň ýokary halkara ekologiýa
standartlarynyň esasynda amala aşyrylmalydygyny aňladýar.
Şunuň bilen
baglylykda, biz Hazar deňziniň baý tebigy serişdelerini aýawly saklamaga hem-de
rejeli ulanmaga gönükdirilen tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze
Hazar ekologiýasy maksatnamasynyň döredilmegi ugrunda çykyş edýäris. Şol bir
wagtyň özünde bu Maksatnama Hazarda ekologiýa ýagdaýynyň monitoringi wezipesini
amala aşyryp hem-de kenarýaka ýurtlarynyň hökümetlerine degişli maslahatlary
döredip bilerdi. Türkmenistan gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen
bu meselä jikme-jik garamaga taýýardyr.
Şunda Birleşen
Milletler Guramasynyň, ilkinji nobatda bolsa, onuň ekologiýa ugurly ýöriteleşdirilen
edaralarynyň hemmetaraplaýyn goldawyna umyt edýäris.
Biz
ekologiýanyň ykdysady we täjirçilik bähbitlerine bakna bolup bilmejekdigine
berk ynanýarys. Munuň özi biziň ýurdumyzyň abraýly halkara guramalarynyň belent
münberinden yzygiderli goraýan hem-de özüniň milli ösüş meýilnamalaryny kemala
getirmekde gyşarnyksyz eýerýän düýpli we jogapkärli garaýşydyr.
Şunuň bilen
baglylykda, Hazar üçin «ýaşyl diplomatiýanyň» netijeli ýollaryny ýola goýmagy
bu işe döwletleri, halkara agentliklerini, ekologiýa merkezlerini we
köpçülikleýin habar beriş serişdelerini çekmegi ýerlikli hasaplaýaryn. Bu täsin
deňzi tutuş adamzat üçin saklap galmagyň bähbidine ählumumy ekologiýa
hyzmatdaşlygyň kadaly düzgünleşdirilen hem-de çeýe guralyny ýakyn geljekde
döretmegi biziň umumy maksadymyz hasaplaýaryn. Şu başlangyjyň üstünde
pikirlenmegi teklip edýärin.
Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Hazar deňziniň
geljegi barada aýtmak bilen, Türkmenistan oňa tutuş dünýäniň geljegi babatda
garaýar we özüniň işini Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüşiň
maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işi bilen utgaşdyrýar. Biz geografik
babatda hem, durmuş ykdysady babatda hem Hazary BMG-niň 2030-njy ýyla çenli
strategiýasynyň ugurlarynyň biri hökmünde hasaplaýarys.
Ykdysadyýetiň
durnuklylygy, energetika howpsuzlygy, ekologiýa deňagramlylygy umumy Hazar
öýüniň esasy daýanjy bolup durýar.
Men BMG-niň
jogapkärli we hormatly agzalary hökmünde biziň döwletlerimiziň özleriniň
ösüşiniň meýilnamalaryny durmuşa geçirmäge Birleşen Milletler Guramasynyň
işiniň esasy ugurlaryna laýyklykda çemeleşmelidigine, onuň ygtybarly
hyzmatdaşlary bolmalydygyna ynanýaryn. Şoňa göräde, BMG-de Hazar sebitini
toplumlaýyn ösdürmek boýunça giňişleýin we köptaraplaýyn gepleşikleri, şol
sanda şu forumyň işiniň barşynda aýdyljak pikirlere we bahalara esaslanyp
gepleşikleri geçirmegi teklip edýärin.
Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!
Birinji Hazar ykdysady forumy uly
ýoluň başlangyjydyr. Biz şeýle usulyň Hazarda strategiki gatnaşyklary we
hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täsirli guralyna öwrülmegine bil baglaýarys, muňa
tüýs ýürekden ynanýarys.
Hazar deňzi dünýädäki täsin ýerdir.
Bu ýerde, onuň kenarlarynda asyrlaryň dowamynda halklaryň arasynda
gatnaşyklaryň aýratyn, özboluşly görnüşi emele geldi, Gündogaryň we Günbataryň
arasyndaky siwilizasion gatnaşyklaryň köprüleri guruldy.
Elbetde, taryhda dürli, kä halatda
çylşyrymly döwürler boldy, şolardan sapak almak, dogry netije çykarmak
zerurdyr. Ýöne, bu gün Hazar biziň öňümizde täze sepgitleri açýar.
Biz Hazaryň parahatçylyk, dostluk we
ylalaşyklylyk deňzi bolmalydygyny öwran-öwran aýdýarys. Wagtyň geçmegi bilen bu
sözleriň manysynyň üýtgemeýändigi şübhesizdir. Olar hemişe-de derwaýys
bolmagynda galar.
Biz Hazar deňzini hyzmatdaşlygyň,
ösüşiň we rowaçlygyň, gapma-garşylyklardan hem-de agzalalykdan azat giňişlik,
döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürligiň, ylmy we tehnologiýa kuwwatynyň
birleşýän ýeri hökmünde görmek isleýäris. Biz strategik geljegi hut şeýle
kesgitläp, ony Hazar üçin “geljegiň nusgasy” diýip atlandyrýarys.
Häzirki döwürde bu nusga anyk keşbe
eýe bolýar. Onuň ýaşaýşa ukyply bolmagy adamlara peýda getirmegi, häzirki we
geljekki nesilleriň abadançylygyna hyzmat etmegi, ählumumy parahatçylygyň we
ösüşiň gazanylmagyna öz goşandyny goşmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris.
Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Birinji Hazar ykdysady forumynyň
açylmagy bilen ýene-de bir gezek siziň hemmäňizi gutlaýaryn, size berk jan
saglyk, abadançylyk we geljekki işiňizde üstünlikler arzuw edýärin.
Awaza, 2019-njy ýylyň 12-nji awgusty.