20-nji martda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Maslahatda
özara hyzmatdaşlyk boýunça täze teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin,
ýurdumyzyň Ýaponiýa gidýän wekiliýetiniň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi,
şeýle hem döwletimiziň gündelik durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy we
resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.