26-njy aprelda
paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
ýolbaşçylygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi geçirildi.
Her ýylda
geçirilýän bu çäre ähmiýetli waka bolmak bilen, ol ady rowaýata öwrülen we
türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlygyna goşan ägirt uly goşandyny
alamatlandyrýan milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň giňden wagyz
edilmegine gönükdirilendir. Bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi
döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny
ösdürmek, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýyny belende galdyrmak
ugrunda amala aşyrylýan işleriň esasy ugry bolup durýar.
2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär we ol arassa ganly ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek, atçylyk sporty üçin ýokary derejeli çapyksuwarlary taýýarlamak, şeýle hem alym-ippologlaryň we beýleki behişdi bedewlere gadyr goýýan hünärmenleriň sanyny artdyrmak boýunça iş alyp barýan birnäçe atçylyk kärhanalaryny özünde jemleýän abraýly gurama bolup durýar.