14-nji
fewralda paýtagtymyzda, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy
guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy.
Duşuşyga gatnaşmak üçin Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de
ýokarda agzalan guramalaryň we degişli düzümleriň ýolbaşçylary çagyryldy.
Duşuşyk ata
Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary, şeýle
hem halkara derejede öňe sürlen başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmegiň
täze ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni bagly
wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.