21-nji martda Türkmenistan Halkara
Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu
baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, «Nowruz ýaýlasynda»
ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly «Türkmeniň ak öýi» guruldy. Ýaýlada,
Ahalyň dag etegindäki jülgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek
maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.
Tutuş ýurdumyz
boýunça ählihalk ýowarynyň barşynda agaç nahallarynyň 460 müňden gowragy
oturdyldy.
Agaç nahallaryny oturtmak çäresinden başga-da, öňden bar bolan agaçlara ideg etmek işleri ýerine ýetirildi. Häzirki döwürde Türkmenistanda bu köpýyllyk işiň netijeleri aýdyň görünýär —ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki giň meýdanlarda elde döredilen tokaýlar ýaýylyp ýatyr. Ekilen agaçlaryň sany bolsa onlarça milliona barabardyr.