1-nji
sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz
Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen
bilelikde Aşgabadyň merkezi boýunça pyýada gezelenç edip, onuň abadançylygyna
hem-de bagy-bossanlyga öwrülmegine üns berdi. Paýtagtymyzyň daşky keşbi onuň
jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşyň, halkara gatnaşyklaryň
merkezi hökmündäki derejesini şöhlelendirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we hökümet agzalaryna degişli görkezmeleri
berdi.