Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we Türkmenistanyň
Içeri işler ministrliginiň Hojalyk müdirligine degişli maldarçylyk toplumynda
alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Ir bilen milli
Liderimiz maslahatyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.
Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat
berdi.
Soňra döwlet
Baştutanymyz maldarçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.
Içeri işler
ministri I.Mulikow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa düzüminde
desgalaryň birnäçesi bolan toplumyň işleri barada hasabat berdi.
IIM-niň maldarçylyk
toplumynda gara mallaryň 360-a golaýy idedilýär. Kömekçi hojalykda uly mallara,
şol sanda gölelere degişli derejede ideg etmek üçin ähli şertler döredilipdir.
Sygyrlary sagmagyň
tehnologik işiniň guralyşy hem bildirilýän talaplara kybap gelýär. Toplumyň
weterinar gullugynyň işi ýokary derejede ýola goýlupdyr, ol sygyrlaryň
sagdynlygynyň degişli derejede saklanmagyna, olardan alynýan süýdiň
ýokumlylygynyň artdyrylmagyna jogap berýär. Şonuň bilen birlikde, mallar üçin
bol ot-iým gorunyň üstüni ýetirip durmak üçin anyk çäreler görülýär, munuň üçin
bolsa, ýer böleklerinde oba hojalyk ekinleriniň ýörite sortlary, hususan-da,
arpa, ýorunja we siloslyk mekgejöwen ösdürilip ýetişdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz
bu ýerde alnyp barylýan işleriň derejesine kanagatlanma bildirip, harby-hukuk
goraýjy edaralaryň degişli düzümlerinde maldarçylygy we ekerançylygy has-da
giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly
Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda
idedilýän guşlaryň görnüşlerini synlady. Bu ýerde hormatly Prezidentimize
ýurdumyzyň Goranmak ministrligine degişli kömekçi hojalykda ösdürilip
ýetişdirilýän guşlaryň birnäçe görnüşleri, şol sanda towuk, ördek, gaz, bedene,
sesarka ýaly guşlar görkezildi.
Döwlet serhet
gullugyna degişli gulluk itleri hem milli Liderimiziň ünsüni özüne çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarynyň kömekçilerini idetmegiň, taýýarlamagyň
aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Türkmen alabaýy
halkymyzyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda wepaly dost we goragçy, güýçli we
gaýduwsyz hasaplanyp, onuň bilen özüňi howpsuz duýmak bolýar. Şol bir wagtda
itleriň bu tohumyna çäksiz wepalylyk we ynam ýaly häsiýetler mahsusdyr.
Döwlet Baştutanymyz
harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda gara mallaryň we
guşlaryň saklanmagynyň ykdysady bähbidi barada aýdyp, olara ideg edilmeginiň
ýaş esgerleri halal zähmet bilen terbiýelemekde ähmiýetiniň uludygyny belledi.
Bar bolan
serişdeleri we mümkinçilikleri doly peýdalanmagyň hasabyna azyk bolçulygyny
üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda
amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Dürli düzümlerde we pudaklarda ýokary düşewüntli kömekçi hojalyklaryň
döredilmegi bu meseläniň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär. Içeri işler
ministrliginiň maldarçylyk toplumy we beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň
kömekçi hojalyklary munuň aýdyň mysallarynyň biridir.
Şolaryň her biriniň
kuwwatlygy, öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy harby we hukuk goraýjy
edaralaryň şahsy düzümini azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge hem-de şol bir
wagtda ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde öz goşantlaryny goşmaga
mümkinçilik berýär.
Soňra milli
Liderimiz bu ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň garamagyndaky
kärhanalaryň harytlaryndan ybarat bolan sergini synlady. Bu ýerde IIM-niň
hem-de Goranmak ministrliginiň tikinçilik bölümlerinde taýýarlanan harby
gullukçylaryň dabara we gündelik lybaslarynyň görnüşleri görkezildi. Şolar
özüniň berkligi, oňaýlylygy bilen tapawutlanýar. Şol bir wagtyň özünde harby
lybaslaryň reňkine, pasyllar boýunça aýratynlygyna baglylykda ekologiýa taýdan
arassa matalardan tikilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Görkezilen
enjamlaryň dürli görnüşleri, şol sanda täzeçil usullar arkaly taýýarlanan enjamlaryň
kömegi arkaly ýangyn döremeginiň öňüni almak işleri geçirilýär.
Serginiň
bölümleriniň birinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun
generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Goranmak ministrligine degişli önümçilik
kärhanalarynda taýýarlanan önümler görkezildi, şolaryň hatarynda plastik
önümleriniň dürli görnüşleri bolup, olar Gyýanlydaky gazhimiýa önümçilik
toplumynyň çig maly esasynda öndürilýär. Bu toplumyň açylyş dabarasyna milli
Liderimiziň hut özi gatnaşypdy. Şeýle hem bu ýerde harby tehnikalar üçin
ätiýaçlyk şaýlary we beýleki zerur enjamlar görkezildi.
Ýurdumyzyň Döwlet
serhet gullugyna degişli kömekçi hojalygynda öndürilen önümleriň hatarynda
ulaglaryň we gämileriň oturgyçlarynyň hem-de enjamlaryň daşlyklary, harby
tehnikalara niýetlenen örtükler bar.
Şeýle hem sergide
oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Ozal bölünip berlen 1500
gektar meýdanda 100 müňden gowrak bag nahallaryna, şol sanda agaçlaryň
ir-iýmişli sortlaryna ideg edilýär. Şeýle hem gaýtadan işleýän bölümiň dürli
harytlaryny görmek bolýar.
Umuman, kömekçi
hojalykda gara mallaryň 600-e golaýy hem-de dowarlaryň 10 müňe golaýy
idedilýär. Bu ýerde et we süýt önümleriniň milli usulda gaýtadan işlenýändigini
bellemeli.
Döwlet serhet
gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew serhet ýakalarynda bitýän otlardan hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk
ösümlikleri» atly kitabynda görkezilýän tebigy usullar esasynda dermanlyk
serişdeleri taýýarlaýandyklaryny habar berdi.
Şeýle hem sergide
daglyk ýerlerde ösýän pisse we hoz agaçlaryndan alnan önümleriň görnüşleri
görkezildi.
Bu ugurda alnyp
barylýan işler diňe ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen çäklenmän, eýsem,
degişli düzümleri ýokumly önümler bilen üpjün etmäge hem mümkinçilik berýär.
Soňra milli
Liderimiz ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň sergisi bilen tanyşdy. Onuň
hojalyk dolandyryş müdirliginiň garamagynda 50 müň towuk saklanýar.
Bellenilişi ýaly,
geçen ýylyň dowamynda guş idedijiler 11 milliondan gowrak ýumurtga aldylar.
Munuň özi gullugyň hojalyk hasaplaşygyndaky bölümleriniň girdejilerini
artdyrmakda örän ähmiýetlidir.
Şeýle hem bu ýerde
ýurdumyzyň beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi
hojalyklarda öndürilen gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşleri görkezilýär.
Harby düzümlerde şunuň ýaly önümçilik düzümleriniň ýola goýulmagy olaryň zerur
serişdeler bilen üpjünçiligini gowulandyrýar.
Azyk önümleri-et we
et önümleri, süýt önümleri sergide esasy orun eýeleýär. Munuň özi ýurdumyzyň
harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynda beýleki harytlar
bilen bir hatarda, azyk önümleriniň önümçiligine möhüm ähmiýet berilýändiginiň
nobatdaky subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
hojalyk mümkinçiliklerini nazarda tutup, bu işleriň yzygiderli ösdürilmeginiň
maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi harby gullukçylaryň we ýaş
esgerleriň harby hünär bilen bir hatarda, ussaçylyk, daýhançylyk we maldarçylyk
ýaly zerur hünärlere höwesiniň artmagynda aýratyn ähmiýetlidir, bu bolsa, olara
harby gullukdan soň hünär seçip almagyna ýardam eder.
Hormatly
Prezidentimiz bu ýerde görkezilen Içeri işler ministrligine degişli ulaglary
synlady. Şolaryň hatarynda ulaga tirkelýän göçme öýleriň bardygyny bellemeli.
Ulagyň bu görnüşi harby we hukuk goraýjy düzümleriň meýdan şertlerinde geçirýän
okuw- türgenleşik çäreleri mahalynda aýratyn ähmiýetli bolar diýip, milli
Liderimiz belledi.
Soňra içeri işler
ministri I.Mulikow IIM-niň şahsy düzüminiň adyndan Belent Serkerdebaşymyza
2019-njy ýylyň ilkinji gününde toplumda doglan taýçanagy sowgat hökmünde kabul
etmegi hem-de taýçanaga at dakyp bermegi milli Liderimizden haýyş etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taýyň «Türkmenistan —
rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda doglandygyny nazara alyp, oňa «Rowaç» adyny goýdy.
Bu at türkmen
halkynyň ata Watanymyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegi
baradaky umyt-arzuwlary bilen baglydyr.
Çünki «At-myrat» diýlen paýhasly jümläni döreden halkymyz ýylyň başynda altyn
öwüşginli taýyň dünýä inmegini ýagşa ýorýar.
Soňra
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow göçme iş maslahatyny geçirdi. Onda
harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň işi, şol sanda
döwrebap önümçilik kuwwatlyklaryny, hojalyk we maldarçylyk toplumlaryny
döretmegiň hasabyna alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ýurdumyzyň harby we
hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň
ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berdiler. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň
käbiriniň kömekçi hojalyklarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly
durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada aýdyldy.
Habar berlişi ýaly,
häzirki wagtda degişli ministrlikleriň we düzümleriň garamagynda dowarlary we
gara mallary saklaýan maldarçylyk toplumlary bar. Şunuň bilen birlikde, hojalyk
bölümlerinde guşçulygy, atçylygy we balarylaryny ösdürmek boýunça degişli işler
alnyp barylýar. Şeýle hem degişli düzümleriň döwrebap ýyladyşhana hojalyklary
bolup, şolarda gök önümleriň we miweleriň dürli görnüşleri ösdürilip
ýetişdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk
goraýjy edaralaryň degişli bölümleriniň akar suwlaryň ýanynda boş ýatan
meýdanlary ekerançylyk maksatlary we maldarçylyk işleri üçin ulanmagynyň
maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz
harby we hukuk goraýjy düzümlere degişli hojalyk desgalarynyň çäklerini
giňeltmegiň zerurdygyny belläp, miwe we gök önümleriniň, beýleki azyk önümleriniň
dürli görnüşleriniň mukdaryny köpeltmegiň hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny
artdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz
ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda bag nahallarynyň ösdürilip
ýetişdirilmegini görkezdi. Bu daşky gurşawy goramaga hem-de ýurdumyzyň
ekologiýa abadançylygyny ýokarlandyrmaga goşant bolar diýip, hormatly
Prezidentimiz belledi.
Hormatly
Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun
generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere jan saglyk, abadançylyk hem-de
öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň agzalary bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.