milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Gitanas Nausedany Litwa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gitanas Nausedany Litwa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlady
15.07.2019 259 Habarlar

Onuň Alyhezreti

Litwa Respublikasynyň Prezidenti

jenap Gitanas NAUSEDA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi Litwa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduňyzyň dostlukly halkyna bolsa, parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW