Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna
gatnaşyjy
döwletleriň döredijilik we ylmy
intelligensiýasynyň
XIV forumyna gatnaşyjylara
Hormatly myhmanlar!
Gadyrly dostlar!
Sizi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy
döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň açylmagy
bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara forumyň Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň arasynda
dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara tejribe alyşmakda örän ähmiýetli we
netijeli boljakdygyna ynanýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda
halkara derejesinde şeýle medeni çäräniň geçirilmeginiň biziň ýurtlarymyzyň
arasynda däbe öwrülen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde,
döredijilik we ylmy ugurlarda gazanylan üstünlikler bilen birek-biregi
tanyşdyrmakda örän uly ähmiýeti bardyr.
Biz ýurdumyzda 2019-njy ýyly «Türkmenistan —
rowaçlygyň Watany» ýyly diýip yglan etdik. Häzirki döwürde uly rowaçlyklara
beslenýän ýurdumyzda halkara derejesinde geçirilýän forumlar, festiwallar,
sergiler, konsertler we beýleki medeni çäreler döwletimiziň dost-doganlyk,
ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygynyň
aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Ýurdumyzy syýasy, ykdysady taýdan düýpli
ösdürmek, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, dünýä
döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek biziň amala aşyrýan döwlet
maksatnamalarymyzyň esasy özenini düzýär.
Biz häzirki döwürde berkarar döwletimiz bilen
dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly
ähmiýet berýäris. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan
aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, dünýä
halklarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge
gönükdirilendir.
Hormatly halkara forumyna gatnaşyjylar!
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar
bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek we ösdürmek
Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistan Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy hökmünde bu gurama agza ýurtlar
bilen özara medeni hyzmatdaşlygy barha ösdürýär.
2012-nji ýylda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII
forumy ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem şol ýylda ýurdumyzyň Mary
şäheriniň, 2016-njy ýylda bolsa Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi, dostlukly ýurtlaryň milli öwüşginli
medeniýetini, ynsanperwer ýörelgelerini özara baglanyşdyrmaga täze badalga
berdi. Bu çäreler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen GDA agza
döwletleriň arasynda medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, baýlaşdyrmakda,
milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, olary dünýä
ýaýmakda hem-de wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Biz dünýä jemgyýetçiligi bilen ýola goýlan özara
bähbitli, ysnyşykly hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etdirip, halkara
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürýäris. Türkmenistan bilen
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň arasynda ähli ugurlar bilen
bir hatarda, medeni hyzmatdaşlyk has-da pugtalanýar. Ýurdumyzyň medeniýet,
sungat, ylmy işgärleriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerde
geçirilýän halkara çärelerine yzygiderli gatnaşmaklary hem-de çykyş etmekleri
bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändiginiň aýdyň
mysalydyr.
Häzirki döwürde türkmen halkynyň dünýä
medeniýetinde özboluşly orun alan milli medeniýetini, sungatyny, ylmyny, medeni
mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek boýunça giň möçberli işleri
amala aşyrýarys. Türkmenistanyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan baý
taryhy-medeni kuwwaty onuň dünýäniň medeni giňişliginde eýeleýän ornunyň
uludygyny doly subut edýär.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy
döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda köp
ýyllaryň synagyndan geçen berk dostluk binýady bar. Biziň ýurtlarymyzyň
medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda, ylmynda gazanylýan üstünlikler şol
dostluk binýadyny has-da berkitmäge, parahatçylyk, agzybirlik ýörelgelerini
dabaralandyrmaga hyzmat edýär. Dostluk mährine ýugrulan sungat eserleri,
doganlyk nurundan dörän edebi eserler dünýäniň halklaryny biri-birine
ýakynlaşdyrýar, ýürekleri birleşdirýär. Şeýle asylly maksatlara hyzmat etmek,
dostlukly gatnaşyklary täze derejelere götermek döredijilik we ylmy işgärleriň
mukaddes borjudyr.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy
döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň dostlukly
halklaryň medeni-ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmäge, medeniýet, sungat we ylmy
işgärleriniň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge, özara
tejribe alyşmaga uly ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Sizi halkara forumynyň açylmagy bilen ýene-de bir
gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür we
alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW