27-nji martda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Gazprom» açyk paýdarlar
jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary
Alekseý Milleri kabul etdi.
Duşuşykda
döwlet Baştutanymyz hem-de «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň
başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary bar bolan köpýyllyk
tejribeleri we oňyn mümkinçilikleri nazara almak bilen, işjeň hyzmatdaşlygyň
geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň
bu kompaniýasynyň türkmen gazyny satyn almagy bilen baglanyşykly meseleler ara
alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň
arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hereket
edýän hökümetara Ylalaşygy binýatlaýyn resminama bolup durýar. Şonuň esasynda
taraplar degişli işleri alyp barýarlar.
Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhman Türkmenistanyň hem-de «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň uzakmöhletleýin esasda we anyk netijeleri nazarlaýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine taýýardygyny tassykladylar.