Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz we myhman duşuşykda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda durmuşa geçirýän strategiýasyny nazara almak bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda «Gazpromuň» türkmen gazyny satyn almagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakynda hereket edýän hökümetara ylalaşygy binýatlyk resminama bolup durýar. Şonuň esasynda taraplar degişli işleri geçirýärler. Gaz çykarmak we gazy gaýtadan işlemek, Orta Aziýa - Merkez gaz geçirijisi boýunça gaz ibermegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda esasy mesele, Gazpromuň Türkmenistandan gazy satyn almagyny dikeltmek bilen bagly boldy.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň hem-de «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň umumy bähbitlere kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.