4-nji
maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň
Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar
Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Döwlet
Baştutanymyz öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan, özara
düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň
üstünlikli ösdürilip, täze many-mazmuna eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen
belledi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de doly ygtyýarly wekil
özara hormat goýmak we birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda guralýan,
ägirt uly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir
alyşdylar. Şeýle-de geçen ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti
Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurdumyza bolan döwlet sapary mahalynda we iki ýurduň
Liderleriniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw
duşuşygynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen bagly
meselelere garaldy.