Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Döwlet
Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw
duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle-de
Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelmäge çakylygy kabul
edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we Gazagystan Respublikasynyň bu möhüm
halkara çärelere gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Biz
Siziň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüňize ýokary
baha berýäris hem-de Awazadaky duşuşyklara açyk pikir alyşmak, bilelikdäki
çemeleşmeleri işläp düzmek we özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek
üçin mümkinçilik hökmünde garaýarys – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de
Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana şu gezekki sаparynyň iki ýurduň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam
etjekdigine ynam bildirdi.
Prezident
Kasym-Žomart Tokaýew bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip,
sebitara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine bagyşlanan möhüm çäräniň
Türkmenistanda geçirilmeginiň ähmiýetini belledi hem-de bu ýokary derejedäki
sammitiň üstünlikli geçirilmegi bilen hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden
gutlady. Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti mümkinçilikden
peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza mähirli
salamyny beýan etdi.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy sebit
hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça durnukly we köpugurly
hyzmatdaşlyk edýärler. Iki döwletiň BMG-niň, ÝHHG-niň, YHG-nyň we beýleki
halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny,
öňe sürýän tekliplerini özara goldamagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugry
bolup çykyş edýär.
Hormatly
Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk
ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli goldaýandygy üçin
Gazagystan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu
ýylyň aprel aýynda Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara
gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky
mejlisine gatnaşmak üçin Astana şäherine amala aşyran saparyny ýakymly duýgular
bilen ýatlaýandygyny aýdyp, bildirilen myhmansöýerlik üçin Gazagystanyň
Prezidentine minnetdarlyk bildirdi hem-de bu duşuşygyň özara gatnaşyklary
mundan beýläk-de ösdürmäge itergi bolandygyna ynam bildirdi.
Türkmenistan
Gazagystan Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmäge we yzygiderli çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Söwda-ykdysady
hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup, ol
energetika, ulag we logistika ýaly strategik taýdan wajyp ulgamlary öz içine
alýar.
Hormatly
Prezidentimiz döwletara gatnaşyklary berkitmekde medeniýet, ylym we bilim ýaly
wajyp ugurlary öz içine alýan hem-de ikitaraplaýyn dialogyň aýrylmaz bölegi
bolup durýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini belläp,
Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň arasynda medeni alyşmalaryň mundan
beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew birek-birege we iki ýurduň
doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.