18.05.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Parlament Senatynyň Başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Parlament Senatynyň Başlygyny kabul etdi
13.05.2022 37 Habarlar

12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Parlament Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýewi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de dostlukly goňşy ýurtda doganlyk Türkmenistanda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn parahatçylyk dörediji syýasatyň netijesi bolan düýpli özgertmeler ýolunda gazanýan üstünliklerine, ýeten belent sepgitlerine guwanýandyklaryny aýtdy.