Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa
Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy —
Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy
arzuwlaryny iberdi.
“Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa
Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi. Biz
netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegini goldaýarys” diýip,
hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda belledi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident
Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk,
Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw
etdi.