Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti
Hasan Ruhana Tähran şäheriniň Ymam Homeýni adyndaky halkara howa menziliniň
golaýynda «Ukrainanyň halkara howa ýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň
heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň netijesinde Eýranyň köp sanly
raýatynyň pida bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.