16-njy
noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam
Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi.
Netijeli
we oňyn ýagdaýda geçen duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
we myhman iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýe bolan
ýangyç-energetika pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara
alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy bu ulgamyň ösdürilmegine
ilkinji derejede ähmiýet berýärler. Ägirt uly serişde we ykdysady kuwwata eýe
bolan iki goňşy döwletiň geljekde-de deňhukuklylyk, özara bähbitlilik
ýörelgelerinde däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýändigi bellenildi.