30-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar
Mehrabiany kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Hökümet
wekiliýetleriniň özara saparlarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Eýran
Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar we daşary
söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Şunuň bilen baglylykda, EYR-nyň energetika ministriniň
Aşgabada saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň
ählumumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirildi.