Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow jenap Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň
Premýer-ministri wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny
iberdi.
Milli Liderimiz öz gutlagynda
dostlukly ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň hem-de özara
düşünişmegiň ýokary derejesiniň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn
türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegi we
pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Şu mümkinçiliklerden peýdalanyp,
döwlet Baştutanymyz Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine berk jan
saglyk, parahatçylygyň, dostlukly ermeni halkynyň abadançylygynyň we
bagtyýarlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler arzuw etdi.