Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi Garnik Badalýany kabul etdi. Оl döwlet Baştutanymyza ynanç
hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden
hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen
Sarkisýanyň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny
ýetirdi. Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny
nygtady. Türkmenistany Ermenistan bilen öňden gelýän dostluk gatnaşyklary we
soňky ýyllarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan özara bähbitli hyzmatdaşlyk
baglanyşdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Armen Sarkisýana mähirli
salamyny aýdyp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry
boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de
pugtalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we okgunly häsiýete eýedigini,
munuň bolsa umumy bähbitlere laýyk gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we ilçi köpugurly
kuwwata, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda uly mümkinçiliklere eýe bolan
türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar. Bellenilişi
ýaly, köp ugurlary öz içine alýan kadalaşdyryjy-hukuk binýady döwletara
gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Şunda
bilelikdäki Hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir. Bu topar gazanylan
ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy
ösdürmäge hem-de netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.
Ynsanperwerlik ulgamy türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň
aýrylmaz bölegi bolup durýar, bu babatda netijeli hyzmatdaşlygyň uly tejribesi
toplanyldy. Şunda iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny
pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde medeni hem-de ylym-bilim, sport
hyzmatdaşlygyny höweslendirmäge we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi Ermenistan Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde hoşniýetli arzuwlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz tarapyndan hoşmeýilli erk-islege daýanýan hem-de özara hormat goýmak we netijelilik ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.