milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
02.06.2020 779 Habarlar

1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de energetika ministri Ç.Purçekowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň energetika ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de kuwwatlyklaryny artdyrmagyň, pudaga öňdebaryjy tejribeleri we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, iş maslahatyna gatnaşýanlara amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilýän işlere berk gözegçiligi ýola goýmak tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň içerki sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi üçin ygtybarly bir bitewi elektrik ulgamynyň döredilmegi zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň wajypdygyny belläp, Türkmenistanyň baý tejribesi we häzirki zaman tehnologiýalary bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen deňhukukly hem-de özara gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy.