22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeligi BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda başlandy. Bu gün döwlet we hökümet baştutanlarynyň wideo çykyşlary goýberilip başlandy. Ilkinjileriň biri bolup, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy görkezildi.
Döwlet Baştutany, Türkmenistanyň BMG-niň halkara hukuk gurallaryny döretmek boýunça energetika üstaşyrynyň durnuklylygy we ygtybarlylygy ugrundaky işleri işjeňleşdirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň bu ugurdaky teklipleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararlary bilen birnäçe gezek tassyklandy.
Türkmenistanyň Lideri ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň döwründe halkara ýük daşalyşynyň durnuklylygyny üpjün etmek meselelerine garamagy teklip edýändigini aýtdy. Şeýle hem bu ugurda özaragatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etjek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň Halkara maslahatyny Türkmenistanda geçirmegiň meýilleşdirilýändigi beýan edildi.