Hormatly daşky gurşawy goramak
ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!
Sizi ýurdumyzda «Türkmenistan —
rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Daşky gurşawy
goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň
çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny
döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna
berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen şeýle ýörelgeler
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar.
Halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer däpleri häzirki döwürde adamzadyň
ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýän düýpli
çäreler bilen utgaşyp, barha ösdürilýär.
Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet
ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny
üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki
nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara
derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr.
Mähriban watandaşlar!
Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan
her bir döwlet maksatnamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
ýokarlandyrmaga hem-de ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny depginli ösdürmäge,
şeýle hem daşky gurşawa zyýansyz bolan önümçilikleri döretmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa
abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli
strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri
üstünlikli amala aşyrmak, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik
we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça
döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Berkarar Watanymyzda daşky gurşawy
goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek
boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän
kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, gözel Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek
boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky
gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi
döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň
subutnamasydyr.
Eziz watandaşlar!
Garaşsyz Türkmenistan daşky gurşawy
goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar.
Sebäbi durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletmiziň
daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir.
Birleşen Milletler Guramasynyň daşky
gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly
ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli
çemeleşýär. Bu ugurda biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky
gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň
halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň
halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly, köp sanly halkara we sebit
guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýarys hem-de ekologiýa
abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýäris.
Türkmenistan Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, durnukly ösüş boýunça ýokary
derejedäki maslahatlarda daşky gurşawy gorap saklamak, suw-energetika
serişdelerini aýawly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy
betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça başlangyçlary öňe sürdi.
Aralýaka sebitiň ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çözmek, Hazar deňziniň
ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak boýunça sebit we dünýä ähmiýetli täze
tekliplerini beýan etdi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan
kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilmegi
biziň bu döwrebap başlangyçlarymyzyň iş ýüzünde öz beýanyny tapýandygyna doly
şaýatlyk edýär.
Birleşen Milletler Guramasy
tarapyndan Howanyň üýtgemegi boýunça täze halkara Ylalaşygynyň, «Birleşen
Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky
hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasynyň, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary
tarapyndan birnäçe ylalaşyklaryň kabul edilmegi, häzirki wagtda Araly halas
etmegiň halkara gaznasyna we onuň Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasyna
Watanymyzyň başlyklyk etmegi, Garaşsyz döwletimiziň halkara derejede öňe süren
teklipleriniň we başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw
tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly daşky gurşawy goramak
ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!
Sizi Daşky gurşawy goramagyň
bütindünýä güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk
jan-saglyk, maşgala abadançylygyny we gözel Diýarymyzda daşky gurşawy gorap
saklamagy hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan
asylly işleriňizde uly üstünlikler arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.