Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň
müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi.
Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk
bildirip, Türkmenabadyň himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň
düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara
ýokary baha berýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, türkmen-koreý hyzmatdaşlygy
özara hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli
ösdürilýär. Köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň
nebitgaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň
gerimli işleri alyp barýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň
ösdürilmegine uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, «Daewoo» kompaniýasy
bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi.
Işewür bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny
beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny
üstünlikli ýerine ýetirmäge hemişe ygrarlydygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda himiýa senagatynyň
ýurdumyzyň depginli ösýän pudaklarynyň biridigini belläp, ýerli çig maly
ulanmak arkaly milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, şeýle hem eksport ugurly
önümleri öndürmegiň bu pudagy ösdürmegiň esasy strategiýasy bolup durýandygyny
nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak
hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny,
döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde iri önümçilik taslamalarynyň durmuşa
geçirilýändigini aýtdy.
Işewür Türkmenistanda durmuş-ykdysady maksatnamalary
amala aşyrmaga goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly
hormatdygyny belläp, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.»
kompaniýasynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmagyna döredilýän amatly
şertler üçin hoşallygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow işewüre hem-de «Daewoo» kompaniýasynyň ähli işgärlerine
Türkmenabadyň himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň taslamasyny
durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.