milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
19 sagat öň 24 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, işewür türkmen döwletiniň Baştutanyna duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda iş alyp barmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi.

Myhman pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanda Arkadag şäheriniň açylmagynyň 2 ýyllygy bilen gutlady hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Döwlet Bşatutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi, bu ýurduň «Daewoo» kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýandygy bellenildi.

Söhbetdeşlikde «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo» kompaniýasynyň arasynda Türkmenabatdaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak barada şertnama baglaşylandygy barada hem aýdyldy.