10-njy
dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding»
kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul
etdi.
Işewür
ýüzbe-ýüz duşuşyga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk
güni bilen gutlady we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, türkmen halkynyň
abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw
etdi.
Milli
Liderimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, berk dostluk, doganlyk we
taryhy-medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşýan iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň
netijeli häsiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Açyk gapylar» syýasatyny
yzygiderli alyp barýan Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary
bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýýandygyny belläp, ägirt uly
önümçilik kuwwatyna eýe bolan türk kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň
üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy.
Şunuň bilen
baglylykda, milli Liderimiz holdingiň täze senagat hem-de durmuş maksatly
desgalaryň, ulag, energetika we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky binalaryň
gurluşygy boýunça özara bähbitli iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň
gatnaşmagyna ünsi çekdi.
Döwlet
Baştutanymyz sementiň gurluşyk senagatynyň esasy serişdeleriniň biridigini
belläp, holdingiň ýolbaşçysyna sement zawodlarynyň üçüsiniň gurluşygy boýunça
bäsleşige gatnaşmagy teklip etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halk hojalygy toplumyny
senagatlaşdyrmagyň çäklerinde, metallurgiýa pudagynyň ösdürilmeginiň aýratyn
orna eýedigini belläp, Diýarymyzda metallurgiýa kombinatyny gurmagyň
zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz
geçirijisiniň, şeýle hem gurluşygy «Çalyk Holding» kompaniýasyna ynanylan
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň yklymlaýyn iri
energetika ugur hökmündäki ähmiýetini belläp, kompaniýanyň ýolbaşçysyna
gurluşyk işlerini bellenilen möhletde we ýokary derejede tamamlamagy tabşyrdy.
Türkiýeli
işewür ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryny
durmuşa geçirmek boýunça köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmegiň
ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtap, döwlet
Baştutanymyza ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, desgalardaky işleriň
ýagdaýy barada hasabat berdi we ýene-de täze tekliplerini beýan etdi.
Hususan-da,
Ýanyk şikeslerini bejeriş halkara merkezi we Halkara estetiki bejeriş merkezi
ýaly saglygy goraýyş ulgamyna degişli wajyp desgalaryň gurluşygy, şolaryň
häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen
enjamlaşdyrylyşy barada maglumatlar aýdyldy.
Şeýle hem
duşuşygyň dowamynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň taslamalary
boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň ýokary hil
derejesiniň üpjün edilmeginiň, desgalaryň bellenilen möhletde ulanmaga
berilmeginiň türkmen tarapynyň gaýragoýulmasyz şertidigini ýene bir gezek
aýratyn belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Ahmet Çalyk ýolbaşçylyk edýän holdinginiň özüne ynanylan taslamalary we boýun alan borçnamalaryny yzygiderli hem-de üstünlikli ýerine ýetirjekdigine, türkmen tarapynyň sargytlarynyň göz öňünde tutuljakdygyna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.