milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä gümrük guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä gümrük guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
17.01.2019 719 Habarlar

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary Kunio Mikuriýany kabul etdi.

Duşuşykda gümrük ulgamyny öz içine alýan netijeli gatnaşyklaryň ähli ugurlarynyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Häzirki zaman düzümleýin desgalaryna eýe bolan ýurdumyz sebit we halkara derejesinde söwda hem-de ulag-logistiki ulgamlarynyň möhüm bölegine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, gümrük maksatnamalary boýunça bilelikdäki maslahatlaryň geçirilmegi, tejribe alşylmagy, awtomatlaşdyrylan gümrük ulgamynyň özleşdirilmegi we ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlaryny baglanyşdyrýan «Beýik Ýüpek ýolunyň» çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan halkara söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda hem-de ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda kabul edilen ylalaşygyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Bütindünýä gümrük guramasynyň ýolbaşçysy Kunio Mikuriýa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şerti bolan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn taýýarlygy beýan etdiler.