Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Iliana Ýotowa ýurduň milli baýramy —
Azat ediş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny
iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp,
Prezident Iliana Ýotowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Bolgariýa
Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.