11-nji awgustda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň
Premýer-ministri Boýko Borisow bilen duşuşdy.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň
öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň we Premýer-ministr Boýko Borisowyň ýüzbe-ýüz duşuşygy boldy.
Ýüzbe-ýüz
duşuşykda söhbetdeşler halkara meselelere degip geçmek bilen, Türkmenistan
bilen Bolgariýa Respublikasynyň Merkezi Aziýa we Günorta-Gündogar Ýewropa
sebitlerinde ynanyşmak ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna hem-de özara düşünişmek
hem-de parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ýörelgelerine üýtgewsiz
ýardam bermäge taýýardyklaryny nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Bolgariýanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.