21-nji noýabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň
çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri,
goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum
bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda özara hormat goýmak, birek-birege
goldaw bermek ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklary has-da
pugtalandyrmagyň geljegi, şeýle-de birnäçe halkara we sebit meseleleri boýunça
pikir alşyldy. Özara ynanyşmagyň köpýyllyk hyzmatdaşlykdaky tejribesiniň
syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky däp bolan
gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga umumy meýillerini görkezýän iki
ýurduň hoşniýetli erkiniň aýdyň nyşany bolup hyzmat edýändigi bellenildi.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şeýh
Mohammed bin Raşid Al Maktumy özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen
Aşgabada gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.