24-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp
Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp,
mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, türkmen hem-de türk
halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow
we Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň söwda-ykdysady we
ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, şeýle hem halkara
guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini
tassykladylar.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri
sebit hem-de dünýä ähmiýetli meseleler barada pikir alşyp, adamzat üçin täze
howp bolan koronawirusyň pandemiýasy (COVID-19) barada durup geçdiler. Iki
döwletiň Baştutanlary pandemiýadan doly üstün çykmak üçin ähli ýurtlaryň
tagallalarynyň birleşmegi barada pikirlerini beýan etdiler.