milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
18.06.2019 341 Habarlar

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri, ilkinji nobatda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk gyzyklanma bildirilýän ara alyp maslahatlaşmalaryň özenini düzdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz özüniň russiýaly kärdeşini ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän sebitleýin we sebitara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin däp bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de dostluk, ynanyşmak we işjeňlik ýagdaýynda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege we iki ýurduň halklaryna hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.