12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň
arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly
Berdimuhamedow we Wladimir Putin birek-biregi Beýik Watançylyk urşunda
gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we
rowaçlyk arzuw etdiler.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, 9-njy maý güni
ýurdumyzda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip, uruşdan gaýdyp
gelmedikleriň, weteranlaryň, tylda zähmet çekenleriň edermenligine we gaýduwsyzlygyna
sarpa goýuldy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşine Türkmenistana ýokary derejeli
wekiliýeti ugradandygy, şeýle hem özüniň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweşen
2-nji Ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň
söweşjeň baýdagyny hemişelik saklamak üçin türkmen tarapyna ibermek baradaky
çözgüdi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda bütin dünýä
bileleşigi üçin çynlakaý synaga öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy
göreşmek meselesine deglip geçildi. Şunda koronawirus keseliniň ýüze çykmagynyň
ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň raýdaşlyk
hem-de özara goldaw bildirip işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri aýratyn nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
pursatdan peýdalanyp, ýurdumyza dessin ýagdaýda anyklaýyş enjamlarynyň köp
mukdarynyň iberilendigi üçin russiýa tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Bu baradaky gürrüňiň dowamynda häzirki wagtda iki
ýurduň degişli edaralarynyň arasynda bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de giňeltmek üçin hukuk binýadynyň işlenip taýýarlanylýandygy bellenildi.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin şeýle hem döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.