Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň
Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Döwlet
Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden
gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Russiýanyň halkynyň
bähbidine alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem
hormatly Prezidentimiz türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän şahsy ünsi
we hemmetaraplaýyn goldawlary üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine tüýs
ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
RF-niň
Prezidenti gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Russiýa bilen Türkmenistanyň
arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli
goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy. Şeýle-de Wladimir Putin
döwletara dialogy pugtalandyrmakda döwlet Baştutanymyzyň uly goşandyny belledi
hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň
dowamynda nygtalyşy ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy
yzygiderli ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri
bolmagynda galýar. Iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar
köpasyrlyk dostluga, ynanyşmaga we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar.
Hyzmatdaşlyk edilip gelinýän ýyllaryň dowamynda ähli ugurlar boýunça özara
gatnaşyklaryň baý tejribesi toplanyldy we ýokary netijeler gazanyldy.
Türkmenistan
bilen Russiýa Federasiýasy giň ugurlar boýunça, ilkinji nobatda,
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýakyn
hyzmatdaşlyk edýärler. Ýurtlarymyzyň arasynda ýokary döwlet derejesinde
yzygiderli netijeli dialog, işjeň hökümetara we pudagara hyzmatdaşlyk alnyp
barylýar. Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy BMG we GDA ýaly halkara
guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Wladimir
Putin bilen ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir
alyşmaga mümkinçilik döretjek duşuşygyň geçiriljekdigini aýtdy.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine
we Hazar ekologiýa sammitine gatnaşjakdyklaryny belläp, öňde boljak
duşuşyklaryň GDA-nyň giňişliginde netijeli dialogy has-da pugtalandyrmaga
ýardam etjekdigine hem-de Hazar sebitiniň ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmäge
uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Telefon
arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk,
işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa
abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.