Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň
Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
geçirildi.
Söhbetdeşler
mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes
Oraza baýramy, şeýle hem iki halkyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan
Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Premýer-ministr
Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanda Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine ýokary baha
berilýändigini hem-de dostluga, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan
beýläk-de ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, Pakistan Yslam
Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň mähirli salamyny, berk jan
saglyk, bagtyýarlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Premýer-ministr
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, Oraza we Nowruz baýramlary mynasybetli
tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.
Döwlet
Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gahryman
Arkadagymyzyň salamyny hem-de Oraza we Nowruz baýramlary mynasybetli mähirli
gutlaglaryny, şeýle-de öz adyndan dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň
dowamynda bellenilişi ýaly, Pakistan Yslam Respublikasy bilen dostlukly, özara
bähbitli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň
ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky
syýasy-diplomatik gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar we yzygiderli
ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Premýer-ministr
Muhammad Şahbaz Şarifiň geçen ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara foruma gatnaşmagynyň
munuň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, bu
foruma gatnaşandygy üçin oňa ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Pakistanyň
Premýer-ministri, öz gezeginde, paýtagtymyzda geçirilen halkara forumyň hem-de
Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen
başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belläp, bu çärä gatnaşmak üçin ýurdumyza
amala aşyran saparyny hem-de hormatly Prezidentimiz bilen geçiren duşuşygyny
ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Nygtalyşy ýaly,
häzirki wagtda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ähli ugurlarda, şol sanda
syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady, energetika, ulag
ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Muhammad Şahbaz Şarif
Pakistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmek üçin ähli
tagallalary etmäge taýýardygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Pakistana gelmäge
çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz
çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da
ösdürmäge, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary
hem-de tagallalary doly goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Pakistanyň Premýer-ministri birek-birege
berk jan saglyk, döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly
halklaryna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.
Telefon arkaly
söhbetdeşlik pakistan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.