Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi
ýetip gelýän Täze, 2019-njy ýyl bilen gutladylar we berk jan saglyk, ähli
başlangyçlarynda hem-de türkmen we özbek halklarynyň abadançylygynyň bähbidine
alyp barýan bilelikdäki işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Prezidentler şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri
tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mizemez dostluk hem-de
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri şol
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasyny düzýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleri döwletara
gatnaşyklaryň ýokary derejesini, onuň özara hormat goýmak we netijeli
häsiýetini nygtadylar. Ozal gazanylan, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen
ylalaşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler hem muňa
aýdyň şaýatlyk edýär. Şunda köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda
ýangyç-energetika toplumynda, senagat, ulag, aragatnaşyk ulgamynda, obasenagat
toplumynda we beýleki birnäçe ugurlarda, iki ýurduň we tutuş sebitiň ykdysady
taýdan gülläp ösmeginiň maksatlaryna laýyk gelýän täze giň möçberli bilelikdäki
taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly
kuwwatyň bardygy bellenildi.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew
şeýle hem netijeli ynsanperwer-medeni gatnaşyklary höweslendirmegiň möhümdigini
nygtadylar. Şol gatnaşyklar bolsa döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi
bolup durýar.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar şeýle hem gün tertibiniň
özara gyzyklanma bildirilýän wajyp sebit we ählumumy meseleleri barada pikir
alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň BMG-niň, GDA-nyň we beýleki
halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly
ösüşi üpjün etmegiň bähbidine özara gatnaşyklara hem-de birek-biregi goldamak
ýörelgesine ygrarlydygy nygtaldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iki
halkyň taryhy-medeni umumylygyna, köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklaryna daýanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly
ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-biregi ýene-de bir gezek ýetip gelýän
Täze ýyl bilen gutladylar hem-de iki ýurduň halklaryna mundan beýläk-de
abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik özbek tarapynyň başlangyjy
boýunça geçirildi.