6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly
söhbetdeşlik boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow goňşy ýurduň birnäçe şäherlerine we ilatly ýerlerine ägirt uly
weýrançylyk getiren tebigy betbagtçylyk zerarly Özbegistanyň halkyna çuňňur
duýgudaşlyk sözlerini aýdyp, türkmen tarapynyň heläkçilik çeken etraplara zerur
kömegi bermäge hem-de degişli düzümleri dikeltmek üçin enjamlary, işçi güýjüni
ibermäge we zerur bolan ýardamlary etmäge taýýardygyny aýtdy.
Häzirki döwürde dünýä ýüzünde
çynlakaý synaga öwrülen täze wirus pandemiýasyna mundan beýläk-de garşy durmak
wezipeleri bilelikdäki netijeli we aýgytly işleriň amala aşyrylmagyny talap
edýär. Milli Liderimiz koronawirusyň ýaýramagynyň dünýä ykdysadyýetine we
halkara gatnaşyklara ýaramaz täsir edýändigini belläp, bu howply ýokanjyň
ýaýramagyna garşy göreşmek, onuň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklara
ýaramaz täsirini peseltmek üçin tagallalaryň işjeňleşdirilmelidigini nygtady. Hususan-da,
gürrüň iki ýurduň serhet ýakalarynda utgaşykly öňüni alyş-karantin işleriniň
amala aşyrylmagy barada barýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow birek-birege doganlyk goldaw-kömek bermäge taýýar bolmak ýaly
asylly ýörelgeleriň biziň halklarymyza mahsusdygyny, häzirki çylşyrymly döwürde
onuň has-da ähmiýetlidigini belläp, Özbegistanyň mundan beýläk-de Türkmenistanyň
hemmetaraplaýyn goldawyna we ýardamyna bil baglap biljekdigini ynandyrdy.