Düýn – 19-njy
dekabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň
Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Hormatly
Prezidentimiz söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara
alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň
Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we
pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.
Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklary esasy üç ugurda işjeň alnyp barylýar. Tebigy gaz pudagy onuň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda türkmen tebigy gazyny Eýrana we onuň çäklerinden “swap” görnüşinde üçünji ýurtlara ibermek meselesi barada bellemek bolar. Elektroenergetika pudagy-da türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ulag ulgamy hem döwletara gatnaşyklaryň ösmeginde uly orun tutýar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz bu ulgamda Eýran bilen özara hereketleriň giňeldilmegine hem-de ýük gatnawlarynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, awtomobil ýollaryny gurmak babatda bilelikde işlemegiň oňyn tejribesiniň toplanandygy nygtaldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.